"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny berkitmek şu günüň esasy wezipeleriniň biri. Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda 3-nji aprelde geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň barşynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy. Şeýle hem kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, olaryň göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Türkmen-täjik gatnaşyklary ösdürilýär

4-5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasynda boldy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Işewürligi kämilleşdirmegiň ugurlary

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. 3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp, ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy.

Iş maslahaty geçirildi

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde işlediljek kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, beýleki gök ekinler ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler geçirilýär. Sebitlerde dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm beri

Ilçi işe başlady

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.GulmanowaSloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda diplomat hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi hem-de kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, şu gezekki saparyň özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňyn mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilmegini arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar!

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi. TDH.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Milli Liderimiz Täjigistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Täjigistana amala aşyrýan resmi saparynyň ikinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda düýn geçirilen Duşenbe duşuşygynyň jemlerine ýokary baha berlip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz türkmen-täjik gepleşikleri boýunça kesgitlenen anyk ugurlara ünsi çekdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, hyzmatdaşlygyň söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ileri tutulýan ugurlarynda özara hereketleri işjeňleşdirmek barada barýar. Şeýle-de Täjigistandan Türkmenistana, Hazaryň kenaryna, Eýrana, soňra Pars aýlagyna, Türkiýä çykmak arkaly ulag ugruny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy, özara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, iberilýän we getirilýän harytlaryň sanawyny giňeltmegiň, eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Gahryman Arkadagymyz täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Duşenbede bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemleýji gününde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýondagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Onda düýn geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerini nazara alyp, parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň barşynda bu duşuşygyň parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. Şunda ýokary derejede emele gelen açyk, oňyn hem-de ynanyşykly syýasy gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýandygyna üns çekildi. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hereketleriň ösdürilmegi türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň gurallaryny güýçlendirmäge, oňa hil taýdan täze many-mazmun bermäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.