Gahryman Arkadagymyz täjik parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

5 Aprel 2024
468

Duşenbede bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemleýji gününde Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýondagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Onda düýn geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijelerini nazara alyp, parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda bu duşuşygyň parlamentara gatnaşyklar ýaly möhüm ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşmak üçin amatly mümkinçilik bolup durýandygy bellenildi. Şunda ýokary derejede emele gelen açyk, oňyn hem-de ynanyşykly syýasy gepleşikleriň döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň wajyp şerti bolup durýandygyna üns çekildi. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hereketleriň ösdürilmegi türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň gurallaryny güýçlendirmäge, oňa hil taýdan täze many-mazmun bermäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

«Türkmenistan»
Duşenbe ş.
Beýleki habarlar