Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

5 Aprel 2024
220

4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar