"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Gülýüzli (nowella)

«Her kimiň keşbi ýaşaýan ýeriniň tebigaty bilen belli bir derejede baglanyşykly bolýar» diýilýän gürrüňiň hakykata golaýdygyny Gülýüzlä seredene aýan bolup durdy. Deňiz ýakasynda önüp-ösen gyzyň keşbinde deňziň düre meňzeş damjasynyň owadanlygy bardy. Gülýüzliler Hazaryň Gyzylsuw adasynda ýaşaýardy. Kakasy ol ýere paýtagtdan iş üsti bilen iberilensoň, olar indi şu adaly bolup galypdylar. Deňiz durmuşy-da, olaryň maşgalasy üçin öwrenişikli bolup gidipdi. Kakasynyň deňizde balyk tutuşyny Gülýüzli kän saparlar synlapdy, onuň çaklaňja gaýygyna münüp, deňziň öz ýüzüni öpüp öwüsýän mylaýym ýellerine maýyl bolupdy.

Gündogaryň meşhur alymy

Hormatly Prezidentimiz gadymy we baý taryhymyzy, medeniýetimizi çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzdaky “Ylham» seýilgähinde halkymyzyň taryhy, medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi hem muňa mysaldyr. Olaryň hatarynda geçmiş taryhymyzda mähriban Watanynyň we halkynyň öňünde uly hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetler bar. Şolaryň biri hem orta asyrlarda ýaşap geçen Burhaneddin Ahmetdir. Ol diňe bir türkmen halkynyň taryhynda, edebiýatynda däl, eýsem, beýleki halklaryň taryhynda, medeniýetinde öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Şeýle şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly we döredijiligi bize gymmatly miras bolup durýar. Bar bolan maglumatlara görä, Burhaneddin Ahmediň asly oguzlaryň salyr boýundan bolupdyr. Onuň nebereleri XIII asyryň başlarynda mongol ýörişleri döwründe Horezmden Anadolydaky Kastamonynyň töwereklerine ýerleşipdirler. Şol asyryň ortalarynda bolsa Kastamonydan Kaýsara göçüpdirler.

Gözlegim

Men seni guş bolup tapyp bilmerin,Kötelli ýollarda ganatym gyryp.Mümkin, al-Asmandan ýere inerin,Mümkin, seň ýanyňa bilmerin baryp. Men seni gyş bolup tapyp bilmerin,Gardyr ýagyş bilen ýitirip erkim.Seni «söýgim» bilen bagryma basyp, Söýgimiň pidasy etmegim mümkin.

Alkyş size Arkadag!

Bitarap, parahat, eziz DiýarymMeniň şatlygymdyr gursagymdaky.Bu gün taryplaýar dilleň hünäri:«Watan ýüregmizde ýaşaýar baky»Ýurdumyz parahat, ilim bagtyýar,Alkyş size, şöhrat size Arkadag! Ak guşlaryň ýaýan ganatlarynda,Abadan ýaşaýşyň ýaňy duýulýar.Uzak menzillerden salam getirenGökde durnalaryň heňi duýulýar.Dünýä uzan ýollarymyz ýagtylýar,Alkyş size, şöhrat size Arkadag!

Şahyrym

Meňli gyzyň menek-menek halyny, Çykarmadyň, Magtymguly, ýadyňdan.

Ömür hakda oýlanýarsyňyzmy?!

Galan işe gar ýagar Daň saz berip, nurly Güneşiň öz ýyly şöhlesini eçilip başlanam ýaňy ýalydy. Eýýäm şapak gyzaryp, iňrik garalyp barýar. Ýaňyja-da duşenbedi, eýýäm hepde soňlanyp barýar. Aýam-a ýaňy başlanypdy, indi ahyrlap barýar. Hä diýmän, bu ýylam geçip gider.

Dana sözler — ýol - ýörelge

Durmuş sapaklary diýenimde şahyrlaryň Adamatasy hasaplanylýan Rudakiniň: Kimse-ki ömür sürüp, ömürden pähm eýlemese,

Tymsallar

Baý täjir Ir zamanlarda bir baý täjir öz nökerlerini alyp, at üstünde şähere gelipdir. Ýoluň ugrundaky adamlar bolsa oňa iki bükülip, salam berýärler. Olaryň arasynda bir çetde oturan adamyň weli hiç zat bilen işi ýokmuşyn. Täjiriň hem bu adama gözi düşýär. Baý saçy-sakgaly buýr-bulaşyk, üsti-başy sal-sal bolan bu adamyň ýanyna barýar. Atyndan düşmän, gaty ses bilen oňa gygyryp, şeýle diýýär:

Mähir ýylysy (Käbäme ýazan hatlarymdan)

Işden soň, öýe gaýdyp barýarkam, uzyn boýly, eginlek, ýeňseligine daralan şar gara saçlary ýüzüne gelşik berip duran nurana ýüzli bir ýaş ýigit öňümden çykdy. Ol golaýladygyça ädimini haýalladýardy. Oňa gözüm düşeninden, özümden bir zat soramakçy bolýandygyny aňyp, ýöreýşimi haýallatdym. Aramyz has ýakynlaşanda, ol saklandy-da, maňa salam berdi. Salamyny alanymdan soň, oňa «diňleýän» diýen manyda seretdim. Ol çekinibräge-de söze başlady: «Bagyşlaň, sizden bir zat sorasam bolarmyka?! Umuman, özüňiz hem bilýäňiz, 8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýetip gelýär. Men bu baýramda ejeme näme sowgat etsem gowy bolarka diýip, kän oýlandym. Emma belli bir netijä gelip bilmedim we bu babatynda ejemiň deň-duşuragydyr öýden zenan maşgalamdan maslahat alsam, has göwnejaý bolar diýip pikir etdim. Haýyş edýän, eger kyn görmeseňiz, maňa maslahat beriň, mähriban käbämi nähili sowgat bilen begendirip bilerkäm?» Ýaş ýigidiň sowaly meni tolgundyrdy. Men oňa: «Mähriban käbäňi begendirmek isleýäniň örän gowy pikir. Eger maslahatymy alsaň, sowgady ýagdaýyňa görä saýla, çünki perzendiniň beren islendik sowgady, bahasyna seretmezden, eneler üçin iň gymmatly sowgatdyr. Ýöne, esasy aýtjak zadym, näme sowgat etseň-de, ýany bilen öz perzentlik söýgiňi sowgat etmegi ýatdan çykarma. Ýüregiň çuňlugyndan çykan mähirli sözleriňi aýt. Şony başaryp bilseň, ene üçin başga hiç zat gerek däl».

Hasap näçe? (kyssa)

Bu wakany şu gün ýatlamagyma-da onuň özi sebäpkär boldy. Ýeri, sadakada oturan halyňa futbol nireden ýadyňa düşdi diýsene! Bu ýaşdan soň: “Hasap näçe?” diýmäň näme?! Ýedinji onlugyň birki ýylyny arka atan adam futboldan-beýlekiden ara açaýjak ýaly welin, ýa men ýalňyşýarmykam?! Men ýoldaşym bilen baranymda, sadaka sowluberen eken. Gijä galybrak baranymyza birhili müýnürgäp, derrew turmagyňam ebeteýini tapman, ondan-mundan gürrüň eden boldum. Emma meniň mesawy gürrüňim Gully agany gyzyklandyrmady. Ol:

«Kalp damjalary» kyssalar toplumyndan

«Bagt nämede?». Bu — adamzat döräli bäri özüne anyk we takyk jogaby talap edip gelýän sowal. Oňa ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe jogap oýlanyp tapylandyr. Ýöne olaryň haýsysy dogruka? Kimdir biri ýüregi bilen söýen gyzyna ýetip bilse, şondan uly bagt bardyr öýdenok. Ýene biri ilden üýtgeşik tagam iýip, eşik geýip, ulag münüp, jaý gurup bilse, bagt diýilýän zadyň şolardan ybaratdygyna asla şübhelenenok. Ýöne ýaşy birçene barandan soňra hat-sowat öwrenen adamyň ilkinji sapar kitap okap göreninde, begenjinden, buýsanjyndan ýaňa özüni dünýäde iň bagtly adam saýan pursadynam göz öňüne getirip görüň! Umuman, «Bagt nämede?» diýlen sowalyň belli bir jogaby ýok bolsa gerek. Bagtyň baýlykdadygyna, puldadygyna ynanýanlara bolsa aşakdaky tymsaly okap görmekligi maslahat berýäris.

Şygryýet çemeni

BAGTYÝAR ILLER Bagtyýar illeriň dilinde alkyş,Alkyş Watanymyň Arkadagyna!Ýurdum gül-gülzarly owadan durmuş,Seýl edeliň ylham känli bagyna.

Ylham ýaýlasy

MENI UNUT! Peýdasy ýok, indi ajy ökünjiň,Ezizim, sen meni, sen meni unut!Öýke-kine bizden çete çekilsin,Ezizim, sen meni, sen meni unut!

«Paýhas çeşmesiniň» dürdäneleri

■ Ulusyny sylan beg bolar, begini sylan — ýeg. ■ Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz.

Ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri we ussat şahyr

Muhammet Baýram han Türkmen hakynda söhbet Şöhratly taryhymyza nazar aýlasaň, adynyň yzyna «Türkmen» tahallusy goşulyp, dürli döwletleriň syýasy durmuşynda möhüm orny eýelän şahsyýetleriň birnäçesini görmek bolýar. Şolaryň hatarynda Mürze Barhurdar Türkmen (XVI asyr), Isgender beg Türkmen (1560 — 1634), Muhammetguly Kutubşa Türkmen (1580 — 1611) we Muhammet Baýram han Türkmen (1498 — 1561) aýratyn orny eýeleýärler. Bu şahsyýetleriň arasynda Muhammet Baýram han «Türkmen» tahallusyny göteren şahslaryň iň görnüklisidir. Ýokarda sanap geçen şahsyýetlerimiziň ikisi döwlet işgäri we taryhçy, beýleki biri hökümdar hem şahyr bolsa, Baýram han Türkmen ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri, ussat şahyr hökmünde taryhda öçmejek yz goýandyr. Olar bir maksada — döwlete we çeper söze gulluk edipdirler.

Şygyrlar çemeni

Halkym Öňün-soňun müň ölçerip, geňeşip,Güneşli ülkede ornaşan halkym.Topragyny jandan ileri söýüp,Erkana ýurt üçin göreşen halkym. Goňşy-golam bilen bir göwre-bir jan,Sarpaly gatnaşan, duz-emek bolup,Eger-de bir kişi bolsa perişanHasratyny des-deň paýlaşan halkym.

Şygryýet bossany

Garaşsyz Diýar Her dem kuwwat tapýan Arkadagymdan,Döwletli döwran sen, Garaşsyzlygym!Ýurdum zyýat boldy Erem bagyndan,Bir ajap zaman sen, Garaşsyzlygym!

Şygryýet bossany

Eje hakynda aýdym Şu gün oglum dolandy-da mekdepden,Diýdi: «Eje hakda goşgy gerekdi!».Hödürläp bilmedim oňa bir goşgam,Çünki olar entek biraz gurakdy.

Eltim — egindeşim

Eltiler kalbymyzyň söýesi, kaddymyzyň gurbaty. Çünki eltiň bilen oňşukly bolsaň, ömrüň has manyly, ähmiýetli bolýar. Gaýyneneleriň ýakyn ýardamçysy, gaýynatalaryň köňül söýesi bolýan gelinler, eltiler durmuş diýilýän akabanyň sakasynda duran ajaýyp ynsanlardyr. Oba ýerlerinde bolanyňda köp gelinli öýlerde tomsuna peýwendi tuduň astyna keçe taşlap, gümür-ýamyr edip oturan agzybir eltileri göreniňde öz ýanyňdan buýsanýarsyň. Türkmen bir sözünde «Çöp bol, köp bol» diýýändir, şonuň ýaly köp eltili hojalyklaryň birtopar çülpe çagaly öýleriniň şadyýanlygyna şaýat bolanyňda, ýakynlygyň, garyndaşlygyň, köp çagalylygyň hakykatdan hem, ruhumyza mahsus ahwaldygyna düşünip galýarsyň. Ejeleri çaý içýärkä jagyl-da-jugul bolşup oýnaşyp ýören çagajyklar bolsa, elti gelinleriň göwünleriniň hoşy, kalplarynyň joşy bolup, olary has ysnyşdyrýar. Özüm-ä ýüwürjimiň gelnini kalbyma juda ýakyn saýýan. Biz şeýle bir ysnyşypdyrys welin, hatda ol indi uýam ýaly bolup galypdyr. Saba bilen hal-ahwalyňy sorap jaň etmesi, käteler işiň çykanda çagalaryňa esewan bolmasy onuň adamkärçiliginiň belentdiginiň alamaty.

Aždar (Hekaýa)

Irdenki başlanan duýdansyz şemalyň soňy harasada ýazdy. Mäti aga gözüňi gapyp gelýän harasadyň derdinden sürini zordan saýgarsa-da, ahyrsoňy getirip agyla saldy. Goýunlaryň tükelmi-däldigini gözden geçirip durşuna, bir bölek goýnuň ýokdugyny mese-mälim duýdy. «Harasat depämden gum sowrup, gözümi gapanda bölünäýdimikän-aý janawarlar?». Pikirlenip oturara maý ýokdy. Süriniň töwereginde itlerini goýdy-da, gelen ýoluny yzarlap gidiberdi. «Wah, açyk howada idäp tapmak kyn bolmazdy welin, bular ýaly ýagdaýda ugruňy ýitiräýmegiňem gaty ähtimal». Diýşi ýalam harasat barha güýçlendi. Haýsy tarapa gitjegini bilmän aljyraňňy ýagdaýda galan çopan kelebiň ujuny ýitirdi. Näme bolanda-da, sürini tükellemese, bolmajagyny bilýärdi. «Çakym çak bolsa...» diýip, gaýra tarapa tutduryberdi. Şuwlap agyz-burnuňy gumdan dolduryp geçýän ýeliň ugrundan ses gelen ýaly boldy. Mäti aga aýak çekip, diňşirgendi. Garagözem üşerildi. Ýok. Ümsümlik. Ýene ýöremäge hyýallandy. Ind-ä ses magat eşidildi. Onýança Garagöz ses gelen tarapa at salyp gitdi. «Be, Aždaryň sesine meňzeýär. Ol bu taýlarda näme edýärkä?! Düýnden bäri ýere giren ýaly tapdyrmady». Çopan Garagözüň yzy bilen ylgady. Gözlerine ynanmady. Oýuň içinde bir bölek goýnuň daşyndan pyr-pyr pyrlanýan Aždary tanar ýaly däldi. «Goýunlary dargatman saklapdyr wepalym». Mäti aga goýunlara golaýlady. Aždar uly bir iş bitiren ýaly, ylgap gelip çopanyň ellerini ýa