«Kalp damjalary» kyssalar toplumyndan

8 Fewral 2021
743

«Bagt nämede?». Bu — adamzat döräli bäri özüne anyk we takyk jogaby talap edip gelýän sowal. Oňa ýüzlerçe, belki-de, müňlerçe jogap oýlanyp tapylandyr. Ýöne olaryň haýsysy dogruka? Kimdir biri ýüregi bilen söýen gyzyna ýetip bilse, şondan uly bagt bardyr öýdenok. Ýene biri ilden üýtgeşik tagam iýip, eşik geýip, ulag münüp, jaý gurup bilse, bagt diýilýän zadyň şolardan ybaratdygyna asla şübhelenenok. Ýöne ýaşy birçene barandan soňra hat-sowat öwrenen adamyň ilkinji sapar kitap okap göreninde, begenjinden, buýsanjyndan ýaňa özüni dünýäde iň bagtly adam saýan pursadynam göz öňüne getirip görüň!

Umuman, «Bagt nämede?» diýlen sowalyň belli bir jogaby ýok bolsa gerek. Bagtyň baýlykdadygyna, puldadygyna ynanýanlara bolsa aşakdaky tymsaly okap görmekligi maslahat berýäris.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar