Aždar (Hekaýa)

5 Fewral 2021
1098

Irdenki başlanan duýdansyz şemalyň soňy harasada ýazdy. Mäti aga gözüňi gapyp gelýän harasadyň derdinden sürini zordan saýgarsa-da, ahyrsoňy getirip agyla saldy. Goýunlaryň tükelmi-däldigini gözden geçirip durşuna, bir bölek goýnuň ýokdugyny mese-mälim duýdy. «Harasat depämden gum sowrup, gözümi gapanda bölünäýdimikän-aý janawarlar?». Pikirlenip oturara maý ýokdy. Süriniň töwereginde itlerini goýdy-da, gelen ýoluny yzarlap gidiberdi. «Wah, açyk howada idäp tapmak kyn bolmazdy welin, bular ýaly ýagdaýda ugruňy ýitiräýmegiňem gaty ähtimal».

Diýşi ýalam harasat barha güýçlendi. Haýsy tarapa gitjegini bilmän aljyraňňy ýagdaýda galan çopan kelebiň ujuny ýitirdi. Näme bolanda-da, sürini tükellemese, bolmajagyny bilýärdi. «Çakym çak bolsa...» diýip, gaýra tarapa tutduryberdi. Şuwlap agyz-burnuňy gumdan dolduryp geçýän ýeliň ugrundan ses gelen ýaly boldy. Mäti aga aýak çekip, diňşirgendi. Garagözem üşerildi. Ýok. Ümsümlik. Ýene ýöremäge hyýallandy. Ind-ä ses magat eşidildi. Onýança Garagöz ses gelen tarapa at salyp gitdi. «Be, Aždaryň sesine meňzeýär. Ol bu taýlarda näme edýärkä?! Düýnden bäri ýere giren ýaly tapdyrmady». Çopan Garagözüň yzy bilen ylgady. Gözlerine ynanmady. Oýuň içinde bir bölek goýnuň daşyndan pyr-pyr pyrlanýan Aždary tanar ýaly däldi. «Goýunlary dargatman saklapdyr wepalym». Mäti aga goýunlara golaýlady. Aždar uly bir iş bitiren ýaly, ylgap gelip çopanyň ellerini ýalady-da, ýene goýunlaryň daşyndan aýlanmaga gitdi.

Enejan ANNADURDYÝEWA,
"Nesil".
Beýleki habarlar