"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Şygryýet bossany

Alkyş aýdyň! Haýyr işler edip, algynyň alkyş,Özüne dolanar onuň ýarysy,Şemala tüýküren ýalydyr gargyş,Deger gelip özüňe oň barysy,Gargamaň hiç, tämiz saklaň ýüregi,Alkyş bolar ömür gämiň küregi.

Şygryýet bossany

Buýsanç Guwanýaryn şu güne, buýsanýaryn bagtyma, Ganatym — Garaşsyzlyk, niýetim — Bitaraplyk.Çalyşmaryn bu güni dünýäň ähli barlygna,Ganatym — Garaşsyzlyk, niýetim — Bitaraplyk.

Şygryýet bossany

Watanym Barlygyňda bagtyýar men,Seždegähim, togabym sen,Ölmez-ýitmez dowamym sen,Ajap döwrana ýetenim,Türkmenistandyr Watanym.

Şygryýet bossany

Il saglygy — ýurt baýlygy Il saglygyn ArkadagmyzIň ýokarda goýýar bu gün.Dermanlyk otlaň peýdasynUly ile ýaýýar bu gün.

Şygryýet bossany

Türkmenistan Aý, Gün bolup lowurdaýar, bezeg dünýä kartasynda,Beýik şöhraty görünýär şu gününde, ertesinde,Tanymaldyr bedew aty, nebit-gazy, pagtasy-da,Rowaçlanýar Watanmyzyň belentden-belent işleri,Arkadaga alkyş aýdýar döwrüň bagtyýar ýaşlary.

Şygryýet bossany

Arkadagymyz Şan-şöhratly beýik taryhy açýanNusgalyk mekdepdir Arkadagymyz.Ak ýollara Gün dek nuruny saçýan Nusgalyk mekdepdir Arkadagymyz.

Hakdan, halkdan arkalysyň, Arkadag!

(Buýsançnama) Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt başyna döwlet guşy bolup gonanyna kän wagt geçenok. Taryh üçin bir pursat bu. Gymmatyň, hyzmatyň tutýan meýdanyny nazara alanyňda, asyrlary goýnuna dolap alýan bäş müň ýyllyk menzili görýäň, mesgeni görýäň. Hawa, bitirilen işler, ýetilen sepgitler türkmeniň Ýer ýüzünde ýaşan tutuş ömrüni, Oguz handan gaýdýan asyl ýoluny külterleýär.

Şygryýet älemi

EJE! Ýene ýaz gelipdir eje,Dünýäňi tutmasyn duman.Saçlaň agarypdyr eje,Bagyşla, bar bolsa günäm!

Suw bilen baglanyşykly parasatlar

Adam akar suwa meňzeýär: bulanyk wagty düýbündäki merjenler, dürler görünmeýär. Şonuň üçin-de ony arassa, dury görnüşde saklajak bolmaly.Jelaleddin RUMY. * * *

Bagtyňyzda sarsmaz Watan, her köňülde siz, Arkadag!

Eýýamlaryň emri ýatyr ata-baba yhlasynda,Mert pederleň ömri ýatyr gadym türkmen sährasynda,Oguz ruhy — döwri ýatyr geçmiş-geljek şöhratynda,Müň taryp, müň öwgi ýatyr türkmeniň asyl adynda,Pyragynyň köňli ýatyr ýyllaryň öwser-badynda,Erkiňizde sarsmaz Watan, her köňülde Siz, Arkadag! Ata-baba köklerinde parahatlyk ýaňlary bar,Perwerdigär rehberinde geljegiň ak daňlary bar,Bagtyýarlyk mesgeninde dost-doganlyk münberi bar,Halkyň ygrar-messebinde ynanyşmak heňleri bar,Dünýäň hüwdi seslerinde Arşyň-Kürsüň enweri bar,Türkmenistan — baky bahar, her gülünde Siz, Arkadag!

Eziz Diýar

Arkadagym howandardyr ilime,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Gözel ýurdum nusga bütin äleme,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym. Myhman geler, çar tarapdan, çar ýandan,Dost-doganlar kändir sanardan-sandan,Şan-şöhratyň arşa galýar gün-günden,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.

Şygryýet bossany

Türkmenistanym Halkymyň asyrlap islän arzuwy,Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanym.Pyragynyň islän ajap zamany,Bir supra jem boldy Türkmenistanym.

Şygryýet bossany

Arkadaga alkyş Gül açýar döwletli DiýarArkadagyň paýhasyndan.Beýik ösüşlere barýarArkadagyň paýhasyndan.

Guşlaryň şasy

(hekaýa) Şol gün kakasy ony şeýle kelamlar bilen serpaýlady: «Şuňkarym, bu gün sen ata höwürtgäňi terk edýärsiň. Indiden beýläk öz höwürtgäňden örlärsiň. Sen ony adyňa mynasyp ýerde, beýik daglaryň depesi asmana uzaýan gaýalarynyň berkden-berk kertinde gurmalysyň. Ol ýöne-möne mesgen bolmaly däldir, kaşaňlygy bilen köpleriň gözlerinde nepis keşde bolup gaýalmalydyr. Ony görenleriň şol ýerde şuňkaryň ýaşaýandygyny bilmekleri wajypdyr.

Duýgur göwnüň küýsegi

(hekaýa) «Sag-aman ördüňizmi, mähriban adamlar?!».

«Hatyjagöl»

(«Hatyjagöl» haly göli hakynda taryhy hekaýa) Joş­ly der­ýa egin di­räp otu­ran be­ýik baý­ryň ete­gin­de Sol­tan­ýaz be­giň ga­la­sy­nyň aşak-ýo­ka­ry ta­rap­la­ryn­da sak­çy­lyk çek­ýän dört sa­ny nö­kerden baş­ga bu jelegaýda adam-ga­ra gör­ne­nok­dy. Düý­bi in­li edi­lip tu­tu­lan bu ga­la­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ry­ny al­kym­lap otu­ran Ak­de­pe oba­sy­nyň ýo­ka­ry ýü­zün­dä­ki ene ýa­byň ke­nar­la­ry­nyň er­ňe­gi­ni gyr­ma­lap ak­ýan su­wuň en­di­gan şyg­gyl­dy­sy­na go­şu­ly­şyp, oba it­le­ri­niň üý­rüş­ýän ses­le­ri di­ýäý­me­seň, daş-tö­we­rek­de ün­si çe­kä­ýer ýa­ly baş­ga üýt­ge­şik bir del goh-gal­ma­gal eşi­di­le­nok­dy. Daş-tö­we­re­giň bu gör­nü­şin­den çen tut­saň, şu wagt dün­ýä­niň bu imi­sa­la­ly­gyn­da, gö­ýä, ýurt­da hem, hal­kyň ömür­bo­ýy is­läp ge­len ýag­da­ýy bo­lan pa­ra­hat­lyk bo­laý­jak ýa­ly­dy. Bir gö­räý­mä­ge, bu şu­ňa-da meň­ze­ýär­di. Em­ma...

Bagt ýyldyzy

(hekaýa) Orta mekdebi tamamlan oba gyzy agşamara şäheriň demir ýol menziline gelip, otludan düşdi-de, ýolugra geçip barýan ulaglara elini galdyryp başlady. Köp garaşdyrman depesinde «taksi» ýazgyly ulaglaryň biri deňinde saklandy. Obadan gelen gyz barmaly ýerini salgy berip, ulagyň yzky oturgyjyna ýerleşdi. Birdenem, sürüjiniň ýüz keşbine gözi düşen gyz allaniçiksi boldy. «Hakyt kinoda döwüň keşbini janlandyran artistiň özi-dä. Men ol adamdan kiçijekkäm nähili gorkupdym. Hiý-waý, nätsemkäm? Köpi gören sürüji gyzyň nämedir bir zada biynjalyk bolýandygyny derrew aňypdy. Ol muny bilmezlige salyp, gyza sowal berdi. Gyzam syr bildirmejek bolup sürüjiniň sowallaryna kynlyk bilen jogap bermäge synanyşdy.

Çapyksuwar

(hekaýa) Baý­gel­di us­sa­nyň ag­ty­gy Şir­my­ra­dyň har­by gul­lu­gyn­dan gel­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ryň oba ýaý­ra­ma­gy bi­len Çeş­me­li oba­sy­nyň adam­la­ry­nyň äh­li­si di­ýen ýa­ly edil, to­ýa ga­raş­ýan ýa­ly, oňa ga­ra­şyp ug­ra­dy. Se­bä­bi Şir­my­ra­dyň gel­me­gi bi­len bu oba­nyň dur­mu­şy öz­ge­ren ýa­ly bo­lar. Nä­me üçin diý­ýä­ňiz­mi? «Nä­me üçi­ni­ni» dü­şün­dir­mek üçin gür­rü­ňi bi­raz uzalt­ma­ly bol­ýar. Se­bä­bi şeýt­seň, ho-ol, oba­my­zyň or­ruk or­ta­ra­syn­da­ky azyk dü­ka­ny­nyň ýa­nyn­da­ky us­sa­ha­na­da gi­je-gün­diz «tyrk-tyrk» edip otu­ran Araz­gel­di kö­wüş­çi­niň aý­dy­şy ýa­ly, gür­rüň has süý­ji bol­ýar. Tä­sir­li bol­ýar. Ine, şo­nuň üçi­nem gür­rü­ňi­mi aňyr­rak­lar­dan, en­tek Şir­my­ra­dyň ça­ga­lyk dö­wür­le­rin­den, og­lan­jyk­la­ryň öňü­ne dü­şüp, ga­ra­gol­luk­la­ryň dün­ýä­sin­de gam­syz döw­ran sü­rüp ýö­ren wagt­la­ryn­dan alyp gaý­da­ýyn.

Gysga gepim — gymmatym

(kyssaýy rubagylar) Derýanyň ýakasynda gyzyl küýzeden suw hödürlän adam-a sahydyryn diýip güpläp ýör, döwük küýzeden süýt beren kişi welin, henizem küýzesiniň döwükliginden çekinip ýör.

Behişti nygmatyň beýany

Daýhanyň deminiň düşen topragynda bolçulyk baly akýar. Topraga tagzym edip, onuň bilen gürleşip bilýän daýhan ýeri ýerlikli ulanmagyň ussady. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Jandan söýüp zähmet çekdim, päk zähmetim bal getirdi». Başarnygyny bakjaçylyga bagyşlan daýhanlar gawuny köpçülikleýin ýetişdirýärler. Ýer göwsünden syzyp çykýan süýjüligi süzüp alýarlar. Ynjyk ynsanyň nesibesiniň nepagaly nygmata gabat gelmegi aşygyň alçy gopdugy, bagtyň çüwdügi. Tesbi düwmeleri ýaly hatar gurap geçen ýyllaryň ýygyrtlarynyň arasynda bolan ahwalatlar aglaba, aňşyrylmaýan salgyma ulaşýar. Gowy edilen işler, nusgalyk nysaklar, halkyň gazanan haýyrly halallyklary, sarymtyl salgymda mesaňa saýlanýar. Behişt bezegi bolan türkmen gawuny geçmişiň çuňluklarynyň gurumly çaňyna çolaşman, daýhanlaryň tagallasy bilen biziň şu günümizde hem il-günüň iň bir islegli bakja önümine öwrüldi. Deňinde deňleşip bolmaýan, taýsyz tagamdygy, datly nygmatdygy dadanlaryň dahanynda, aňynda aýrylman galdy. Datly tagamy dahana degen kişide indiki hödüre höwes döreýär. Iýmedikler imrinýär. Ajap arman aňa ýelimlenýär. Meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda ýazan «Waharman» goşgusy şygyrlaryň seresi. Pikiri päkize şygyr şu gün okasaň hem şirin nygmatyň süýjüligi ýaly duýgy damarlaryňy terlendirýär. Ynsan ynamyna giren tagam, köňüllerde galdyrmaýar gam. Tanymal şahyr Gara Seýitliýewiň duýga dolanan goşgus