Bagtyňyzda sarsmaz Watan, her köňülde siz, Arkadag!

16 Fewral 2021
791

Eýýamlaryň emri ýatyr ata-baba yhlasynda,
Mert pederleň ömri ýatyr gadym türkmen sährasynda,
Oguz ruhy — döwri ýatyr geçmiş-geljek şöhratynda,
Müň taryp, müň öwgi ýatyr türkmeniň asyl adynda,
Pyragynyň köňli ýatyr ýyllaryň öwser-badynda,
Erkiňizde sarsmaz Watan, her köňülde Siz, Arkadag!

Ata-baba köklerinde parahatlyk ýaňlary bar,
Perwerdigär rehberinde geljegiň ak daňlary bar,
Bagtyýarlyk mesgeninde dost-doganlyk münberi bar,
Halkyň ygrar-messebinde ynanyşmak heňleri bar,
Dünýäň hüwdi seslerinde Arşyň-Kürsüň enweri bar,
Türkmenistan — baky bahar, her gülünde Siz, Arkadag!

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Beýleki habarlar