Behişti nygmatyň beýany

16 Fewral 2021
797

Daýhanyň deminiň düşen topragynda bolçulyk baly akýar. Topraga tagzym edip, onuň bilen gürleşip bilýän daýhan ýeri ýerlikli ulanmagyň ussady. Şahyr aýtmyşlaýyn: «Jandan söýüp zähmet çekdim, päk zähmetim bal getirdi». Başarnygyny bakjaçylyga bagyşlan daýhanlar gawuny köpçülikleýin ýetişdirýärler. Ýer göwsünden syzyp çykýan süýjüligi süzüp alýarlar. Ynjyk ynsanyň nesibesiniň nepagaly nygmata gabat gelmegi aşygyň alçy gopdugy, bagtyň çüwdügi.

Tesbi düwmeleri ýaly hatar gurap geçen ýyllaryň ýygyrtlarynyň arasynda bolan ahwalatlar aglaba, aňşyrylmaýan salgyma ulaşýar. Gowy edilen işler, nusgalyk nysaklar, halkyň gazanan haýyrly halallyklary, sarymtyl salgymda mesaňa saýlanýar. Behişt bezegi bolan türkmen gawuny geçmişiň çuňluklarynyň gurumly çaňyna çolaşman, daýhanlaryň tagallasy bilen biziň şu günümizde hem il-günüň iň bir islegli bakja önümine öwrüldi. Deňinde deňleşip bolmaýan, taýsyz tagamdygy, datly nygmatdygy dadanlaryň dahanynda, aňynda aýrylman galdy. Datly tagamy dahana degen kişide indiki hödüre höwes döreýär. Iýmedikler imrinýär. Ajap arman aňa ýelimlenýär. Meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda ýazan «Waharman» goşgusy şygyrlaryň seresi. Pikiri päkize şygyr şu gün okasaň hem şirin nygmatyň süýjüligi ýaly duýgy damarlaryňy terlendirýär. Ynsan ynamyna giren tagam, köňüllerde galdyrmaýar gam. Tanymal şahyr Gara Seýitliýewiň duýga dolanan goşgusynda «Gülabyň gaýmagy lebleriň seniň» diýip, gawun gylawyny taryplaýar. Gawun gylawy gaýmak galyňlygyndan ýuka, gantdan, nabatdan şirin. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýewiň joşgunly aýdyşy ýaly:

Derýa AŞYR
Beýleki habarlar