"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Şygryýet bossany

Arkadag Arasynda zemin bilen asmanyň,Giň äleme belli bagy-bossanyňGujagynda ajap Türkmenistanyň,Çawuň ýaýyp dumly-duşa, Arkadag,Uzak ýaşaň,Uzak ýaşaň, Arkadag!

Şygryýet bossany

Eziz Arkadag Parahatlyk, ynanyşmak bagtdyr, Giň dünýä jar etdi eziz Arkadag. Aýdyň edip türkmenleriň ýoluny, Belent sepgitlere ýetdi Arkadag.

Şygryýet bossany

Watan Watanymdyr meniň janym-jigerim,Watanymdyr meniň damarda ganym. Mukaddesdir bize mährem topragyň,Seniň bilen bagly pikirim, aňym.

Şygryýet bossany

Buýsanýan Bu dünýäde ýeke-täk, bagtymyzyň şäheri,Buýsanýan, Arkadagly Aşgabada buýsanýan.Asmany tylla nurly, ak süýt kimin säheri,Buýsanýan, Arkadagly Aşgabada buýsanýan.

Söz şalygynyň ägirdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň taryhyny, edebi we medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýä äşgär etmäge giň mümkinçilik döredildi. Aslynda, türkmen halky edebi we medeni gymmatlyklara baý halk. Dünýäniň umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi hasaplanylýan, ýokary terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen tapawutlanýan taryhy, edebi we ruhy gymmatlyklarymyz ýaş nesli terbiýelemekde, olary durmuşa taýýarlamakda ýol görkeziji mekdep bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň milli medeni ösüşi ençeme taryhy şahsyýetler bilen hem baglydyr. Häzirki döwürde beýik şahsyýetlerimiziň miras galdyran gymmatlyklaryna, bitiren hyzmatlaryna mynasyp baha berilýär.

Şygryýet bossany

Watan Juwan göwnümiň karary,Janymyň aramy Watan.Göwünlerimiziň aramy, Jigermiň parasy Watan.

Şygryýet bossany

«Bathyz etýudlary» goşgular toplumyndan Bathyzyň bahary

Şygryýet bossany

Türkmenistan Owazaň dagdan aşaÝaşa sen, Türkmenistan!Urup gadamy joşa--joşa sen, Türkmenistan!

Şygryýet bossany

Awazanyň aýdymlary Goja Hazar atýar tolkun, Awazanyň aýdymlary. Göýä diýýär: «Döret, galkyn!», Awazanyň aýdymlary.

Şygryýet bossany

Diýarym Arkadagym pata berdi ak ýola, Garaşsyz Watanym, eziz Diýarym. Herki iş baglydyr niýete-päle, Garaşsyz Watanym, eziz Diýarym.

Şygryýet bossany

Güýz alamatlary Birden töweregi tümlük büredi —Bulutlar asmana leşgerin çekdi.Gije penjiräme Aý gelmelidi,Säher bilen bolsa ― Gün görünjekdi.

Şygryýet bossany

Türkmenistanym Bir ýanyň Jeýhundyr, bir ýanyň Hazar,Eý, eziz Watanym, Türkmenistanym!Saňa bagtyýarlyk eýeledi güzer,Ak daňy atanym, köňül islänim,Eý, eziz Watanym, Türkmenistanym!

Şygryýet bossany

Watan Gujagyňda açyp gözüm,Ulaldym, ösdüm, Watan!Ýoluňda goýup yzym,Gadamym basdym, Watan!

Şygryýet bossany

Watan Halal zähmet çekip, duzuňy iýdim,Diňe öwüdiňe-pendiňe uýdum,Barlygyňda özüm barlygym duýdum,Seň bilen alýaryn nepes-dem, Watan.

Türkmen ruhy (Hekaýa)

At ýatagyndan dünýäni gözleriňde surat eýläp durmaly. Eýse nä?! Ho-ol aňyrda bir-birlerini ýassanyşyp ýatan daglary synlamagyň özi-de lezzeti ýetik tomaşa ahyryn. Eginleri-de zybrym ak içmekli. Çüri başlaryna sopbaş edip geýenleri hem, gözüňe söweýin, türkmeniň ak silkme telpekleri agyn. Başyňy çala yralasaň bes, şabram burmalary tebil tapyp, seçelenip duran diýilýänden. Daglaryň etegini belentli-pesli baýyrlar tutup otyr. Kamysdan geýnen köýnekleri gutlukdan paýly. Kirli elleriň bilen elläýseň dagy, möhür bolup galjak barmaklaryň yzlary. Olardan aşakda bolsa, «alynyň ala meýdany» ismine eýe bolan giňiş meýdan ak keçä meňzäp ýazylyp ýatyr. Aýaklaryň ýelini çykarmaga şundan amatly ýeri gündiz eliň çyraly gözleseň-de, tapmajaklygyň köre hasa. Ýyldyryma dön-de, ýüzin sal-da git, uçgun syçradýan toýnaklaryňa garawyny ýetirip biljek ýekeje päsgelçilik bilen hem uçraşjak howatyryň ýok. Duran bir hezillik-dä! Dünýä çykypdyr aklyga! Gije düşdi gara şalyny başyna atynyp. Barybir, bu aklyga üýtgeşik edip bilen täsiri bolmady. Syýa boýag däl-de, owuz süýdi şindem gözleriňe basylýan.

Bedew (Goşgy)

Toý-baýramda Baýdagymyz seniň badyňa parlaýar,Çarpaýa galyp kişňäňde sesiň äleme ýaýraýar,Bu gün seniň waspyň edip, dutar-gyjagym saýraýar,Şahyryň şirin gazaly, bagşyň aýdym-sazy bedew. Mert ýigitler alys ýoly ýüwrüp seniň bilen ýeňer,Ýoluň düşse, belent baglar, beýik daglar başyn eger,Mäkäm eýerlenen sagryň şalaryň tagtydyr, meger,Sähralaryň gözel görki, baky bahar-ýazy bedew.

Alabaýym (Goşgy)

Sen barada bu gün aýdaýyn men pert,Gezýäň gaýalarda, daglarda kert-kert,Her bir kynçylygy ýeňip bilýäň mert,Heý, gezen ýeriňde tapdyňmy taýyň?!Edermen, gujurly, mert Alabaýym! Duýgurlygyň ýeňip geçýär bar zady,Derrew tanap bilýäň ýakyny-ýady, Sähel oýun etseň, ol göwnüň şady,Oýunsöýer keşbiň ýagtysy Aýyň,Edermen, gujurly, mert Alabaýym!

Şygryýet bossany

Ajaýyp zaman Kän okaldy, kän kitaplar açyldy,Büdräp, sürçüp, ençe ýollar geçildi.Ýaş ortadan agdy, şonda-da göwün,Bes edenok ýaşlykdaky ylgawyn.Ösüp gidip otyr tehnika, ylym,Aý-gün geldigiçe çuňlaşýar bilim.Belent başly binalara seretsem,Diýýär göwün: «Menem gursam, döretsem».Gupba ýaly jaýlar, köçe lälezar,Başyňy beýgeldip, köňlüňi bezär.Onsoň ýigdelersiň bakman ýaşyňa,Dolanarsyň hol ýigrimi bäşiňe,Täzeden güýç berdi maňa Arkadag,Ýoluma nur saçdy bolup şamçyrag.

Şygryýet bossany

Söz bilen Gadyrdanlar, ýeňledeýin ýüküňiz,Mylaýym söz bilen, ýumşak söz bilen.Sypalaýyn nurdan doly ýüzüňiz,Mylaýym söz bilen, ýumşak söz bilen.

Bedew

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Pasly-bahar güle çümen çaglary,Joş uranda sähra-düzi, daglary,Göwün at üstünde ganat baglady,Seýle çykyp alys ýollara, bedew!