Bedew (Goşgy)

23 Aprel 2021
1096

Toý-baýramda Baýdagymyz seniň badyňa parlaýar,
Çarpaýa galyp kişňäňde sesiň äleme ýaýraýar,
Bu gün seniň waspyň edip, dutar-gyjagym saýraýar,
Şahyryň şirin gazaly, bagşyň aýdym-sazy bedew.

Mert ýigitler alys ýoly ýüwrüp seniň bilen ýeňer,
Ýoluň düşse, belent baglar, beýik daglar başyn eger,
Mäkäm eýerlenen sagryň şalaryň tagtydyr, meger,
Sähralaryň gözel görki, baky bahar-ýazy bedew.

Züleýha ALLABERDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutyň talyby.
Beýleki habarlar