Türkmen ruhy (Hekaýa)

23 Aprel 2021
825

At ýatagyndan dünýäni gözleriňde surat eýläp durmaly. Eýse nä?! Ho-ol aňyrda bir-birlerini ýassanyşyp ýatan daglary synlamagyň özi-de lezzeti ýetik tomaşa ahyryn. Eginleri-de zybrym ak içmekli. Çüri başlaryna sopbaş edip geýenleri hem, gözüňe söweýin, türkmeniň ak silkme telpekleri agyn. Başyňy çala yralasaň bes, şabram burmalary tebil tapyp, seçelenip duran diýilýänden. Daglaryň etegini belentli-pesli baýyrlar tutup otyr. Kamysdan geýnen köýnekleri gutlukdan paýly. Kirli elleriň bilen elläýseň dagy, möhür bolup galjak barmaklaryň yzlary. Olardan aşakda bolsa, «alynyň ala meýdany» ismine eýe bolan giňiş meýdan ak keçä meňzäp ýazylyp ýatyr. Aýaklaryň ýelini çykarmaga şundan amatly ýeri gündiz eliň çyraly gözleseň-de, tapmajaklygyň köre hasa. Ýyldyryma dön-de, ýüzin sal-da git, uçgun syçradýan toýnaklaryňa garawyny ýetirip biljek ýekeje päsgelçilik bilen hem uçraşjak howatyryň ýok. Duran bir hezillik-dä!

Dünýä çykypdyr aklyga! Gije düşdi gara şalyny başyna atynyp. Barybir, bu aklyga üýtgeşik edip bilen täsiri bolmady. Syýa boýag däl-de, owuz süýdi şindem gözleriňe basylýan.

Döwletmyrat NURYÝEW.
Beýleki habarlar