"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Ýaşadar, ýaş eder ýagşa ýarlygyň»

Şygryýet asmanynyň Aýy Gözel Şagulyýewanyň duýguly dünýäsine seýran * * *

Saklanyp galan pursatlar

Kakam Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýew halypa kompozitor Weli Ahmedow bilen çagalar üçin ençeme aýdym döretdi. Olaryň bilelikde işlän aýdymlary 1962 — 1985-nji ýyllar aralygynda «Aýdym. 3-4-nji synplar üçin», «Çagalar üçin aýdymlar», «Biz aýdym aýdarys», «Что это такое?», «В Солнечный день» ady bilen Aşgabat we Moskwa şäherlerinde aýratyn ýygyndy görnüşinde neşir edildi. Öz döwründe çaga ýüreginiň owazlary bolup ýaňlanan bu aýdymlary belli estrada aýdymçylarymyz ýerine ýetirdi. Sada, many-mazmuna baý aýdymlar halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aknur Hojagurbanowanyň «Güneş» çagalar horuna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda iki halypanyň irginsiz zähmeti bilen döredilen «Gözel ülkäm», «Süýji bolýar», «Suw gelýär», «Kiçi bilen geçi», «Kömelek» ýaly aýdymlar diňleýjileriň söýgüsini gazandy. Bu günki günde hem bu aýdymlary ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerinde tälim alýan körpeler uly höwes bilen ýerine ýetirýärler.

Hazar — melhem hazynasy

Bir deňiz bar... Bir deňiz bar Zeminde,Onuň ady Hazardyr.Baýlygy bol, barly ol,Her bir ýany gazaldyr.

Onore de Balzak

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. Medeni-seýilgäh toplumynda heýkeli oturdylan 24 ussadyň biri-de meşhur fransuz ýazyjysy, dramaturgy, žurnalisti, Ýewropa edebiýatynda realizm akymyny esaslandyryjylaryň biri Onore de Balzakdyr. Onore de Balzak 1799-njy ýylyň 20-nji maýynda Fransiýanyň Tur şäherinde dünýä inýär. Kakasy hukukçy edip ýetişdirmek islegi bilen ony ilki Wandos kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde okadýar. Muňa garamazdan, ol turuwbaşdan ähli ünsüni edebiýata gönükdirýär. Balzagyň mugallymlarynyň biri Mareşal-Dýuplessi: «Dördünji synpdan soň onuň partasynyň üsti nämedir bir zatlar ýazylgy kagyzlardan dolar durardy» diýip, öz ýatlamalarynda ýazýar. Çagalygyndan Russo, Monteskýo, Golbah, Gelwesiý ýaly fransuz edebiýatynyň wekilleriniň eserlerini ürç edip okan Balzak şol döwürler goşgudyr sahna eserlerini ýazypdyr. Ýöne ol eserler biziň günlerimize gelip ýetmändir. Olary ýazyjy soň-soňlar «Lui Lamber» we «Jülgedäki liliýa» atly romanlarynda ýatlaýar.

Mozaika (Oýlanma)

Belent jaýyň diwaryny bezäp duran mozaika eserinden ünsümi sowubilmän kän durupdyryn. Bir-birine meňzemeýän ululykdaky, dürli reňkdäki müňlerçe daşdan döredilen gözelligi näme bilen deňejegimi bilmedim. Olaryň her biri aýratyn bir sungat. Her bir daş, her bir reňk öwrümi edil ynsan ykballary ýaly, bir-birinden tapawutlanýan-da bolsa, olar umumy bir göwräni — eseri emele getirýär. Biziň her birimiziň durmuşymyzam bir-birimiziňkä meňzemeýän «daşlardan», «reňklerden»... ybarat bolsa-da, edil mozaika eserleri ýaly, halk diýen bir umumylygy emele getirýäris. Müňýyllyklaryň dowamynda döredilen eserlerde ynsan durmuşy bilen baglanyşykly telim dürli pelsepeler otaryldy. Alymlar, şahyrlar, akyldarlar durmuşyň syrlarynyň, iň bolmanda bir yşyny adamzada açyp görkezmek maksady bilen, onuň syrlarynyň gözlegine uly-uly ylmy işleridir eserleri bilen birlikde tutuş ömürlerini bagyş etdiler. Olaryň biri durmuşy soňsuz mümkinçiliklerden doly peşgeş hökmünde suratlandyrsa, ikinji biri ony başdan-aýak synag bolan kötel ýola deňedi. Üçünji birleri bolsa bu barlygy tutuşlygyna söýgi atly owadan eseriň içine sygdyrdy-da, oňa kalp gözleri bilen bakmagyň ýollaryny salgy berdi. Şeýdip asyrlar aýlandy, ýyllar dolandy, Zeminiň üstünde mekan tutan ýurtlarda, halklarda üýtgeşiklikler bolup geçse-de, adamzat durmuş, söýgi, ýaşaýyş, ykbal, täleý... barada pelsepe öwürmesini henizem dowam etdirip gidip otyr.

Awaza gideli

Döwran dönmüş bu agzybir illere,Il bagtyna togap-tagzym edeli!Eziz ady düşdi dilden-dillere,Ýör, dostum, Awaza seýle gideli! Deňiz deý joşludyr juwan göwnümiz,Baýdyr aýdym-saza, goşga-gazala.Wasp edip, bu şanly beýik döwrümiz,Ýör, dostum, gideli bahry-Hazara!

Ruhy çyrag

Milli mirasymyzyň mizemejek sütüni,Halkymyzyň guwanjy Magtymguly Pyragy.Ýolumyza nur çaýyp, baky ýok etjek tümi,Halkymyzyň guwanjy Magtymguly Pyragy. Ajaýyp şygyrlary arşa çykardy adyn,Ruhy ösüşimize berdi bedewiň badyn,Dünýäň hakydasyna ýazdyrdy türkmen adyn,Halkymyzyň guwanjy Magtymguly Pyragy.

Bagtyň şäheri (Oda)

Bu şäherde Arkadagyň ady bar, Ösüşinde bedewleriň bady bar. Bir ýaş toý toýlady Arkadag şäher, Şaýollaryna seýle çykdym ir säher.

Mag­tym­gu­ly we Omar Haý­ýam

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň taryhyndan oňat habarly bolandygyna, onuň beýik wekillerine uly sarpa goýandygyna şahyryň onlarça goşgusy şaýatlyk edýär. Şahyr ussatlaryň ýoluny tutmagy, olara eýermegi hemişe arzuwlap gezipdir. Onuň: «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy // Är yzynda gezseň, är dek bolar sen» ýada «Yhlas bile bir kämile gol beren // Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz» ýaly setirleri beýiklere, ussatlara bolan ýokary derejedäki hormatsarpasyndan habar berýär. Şahyryň umumadamzat medeniruhy hazynasyna giren şygyrlarynyň biri bolan «San bolsam» onuň ýürekde beslän arzuwlaryny beýan edýän ajaýyp goşgularynyň biridir. Şahyr bu goşgusynda Abu Sagyt Abulhaýyr, BediguzZaman Ahmet ibn Hüseýni Hemedany, Abulkasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz Şirazy, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Babyr ýaly edebiýat äleminde özüni tanadan şahyrlaryň atlaryny beýik halypalar hökmünde tutýar. Bu meşhur goşguda Gündogaryň uly söz ussady Omar Haýýamyň ady hem uly hormat bilen ýatlanylýar. «Horasanyň ymamy», «Hakykatyň subutnamasy» ýaly abraýly lakamlary göteren belli alym we şahyr Omar Haýýamyň doly ady Kyýaseddin Abulfeth Omar ibn Ybrahym Haýýam Nyşapurydyr. Omar Haýýamyň dünýä inen döwri, çagalygy, ýetginjekligi 23 ýyl hökümdarlyk eden seljuk soltany Togrul begiň zamanasyna gabat gelse, ömrüniň ahyrky gojalyk döwürleri 39 ýyl hökümdarly

Gysga sözüň gymmaty kän

Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgulynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmak üçin edýän aladalary netijesinde şahyryň döredijiligi dünýäniň edebiýaty öwreniş ylmyny bitewüleşdirýär. Magtymgulynyň eserleriniň özboluşly edebi hyzmatdaşlygy döretjekdigine doly ynanýarys. Magtymgula ylham gökden inenem bolsa, onuň eserleriniň dabany topragyň tagamyny dadyp, soň göge göterildi. ***Magtymgulynyň «...asal zybanym bar meniň» diýen sözleri onuň bütin Gündogarda çeper dil meselesinde etjek öwrülişiginiň jarnamasydy.***Pyragynyň goşgulary garybyň köňlüni deprenmez baýa öwrüp, ýykylan göwne ganat, armanly göwne umyt baglap bilýär. Ynsana göwünlik bermekde Magtymguly ýeke-täkdir.***Magtymgulynyň eserlerini on iki süňňi bilen kabul edip bilen adamdan ýamanlyga garaşmasaňam ýalňyşmarsyň.***Magtymgulyny Magtymgulynyň dilinde okamak kiçi-girim bagt däl.***Ejizräk galamyň setirlerini pytradyp goýberýän özdiýenli, kejir, boýny ýogyn sözler bolýar. Şol başyna gidesi gelip duran sözleriň Magtymgulynyň galamynyň gaşynda mumly ýüplüge öwrülip, gol gowşuryp duruşlaryna haýran galaýmaly.***Magtymguly bagtyň suratyny sabryň gerşinde çekipdir.***Halkyň ýüreginde dörän umyt şahyryň setirleriniň ýüreginden ynam bolup daman bolsa, halkyň galagoply döwründe dörän kynçylyklar Magtymgulynyň setirleriniň köňlünden gözýaş bolup döküldi. ***Şahyryň «

«Ençeler gör, kitap okap»

Magtymgulynyň goşgulary (iňlis dilinde). Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň birnäçe goşgulary iňlis diline terjime edildi. Kitapda şahyryň goşgulary türkmen we iňlis dillerinde deňeşdirme görnüşinde terjime edilip ýazylan. Bu bolsa iňlis dilini öwrenýän ýaşlarymyza uly ýardam berjek kitaplaryň biridigini görkezýär. Neşiriň kömegi bilen, iňlis okyjylary Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler. Munuň özi XVIII asyryň görnükli şahyrynyň şygryýetine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berýär.

«Ençeler gör, kitap okap»

Sözüm saňa, Pyragy! (Türkmen we beýleki ýurtlaryň şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular ýygyndysy) – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň uly söz ussady, görnükli filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bütin dünýäde giňden hem dabaraly bellenilip geçildi. Söz ussady Magtymgulynyň döredijiliginden ylham alyp ruhlanan ýazyjy-şahyrlar ussadyň waspyny ýetirip, ençeme şygyrlary döretdiler. Şeýle-de beýleki halklaryň söz ussatlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary okyjylarda uly täsir galdyrar.

Magtymgula eltýän ýollar

Hazynalar bilen baglanyşykly okan kitaplarymda ýa-da tomaşa eden filmlerimde, köplenç, bir sahna göz öňümde janlanýar: eseriň başynda garyp-pukara ýa-da ýoksul-mätäç bolsun, gurby ýetik ýa-da täjir-tüçjar bolsun, ylym-bilime teşne talyp ýa-da alym bolsun, takwa-terkidünýä ýa-da Hudaýhon bolsun, tapawudy ýok, ellerine ýüzünde hazynaly ýeriň salgysy — kartasy ýa-da ýazgysy ýerleşdirilen bir bölek kagyz-mata düşýär. Şeýle pursatlaryň özi eýýäm bagty çüwenligiň buşlugy. Älem-jahan size maksat berip, eliňize şonuň salgysyny tutdurýan bolsa, onuň size ynanýandygy. Pursatlar beýik işleri bitirmek üçin ykbalyň çakylyklarydyr. Onsoň haýal-ýagallyga ýol bermän, desbi-dähel ugruna çykylýar, hazynalara tarap ýola düşülýär. Gola gonan bagt guşuny gorkuzmak — gelşiksiz, ürküzmek — ýerliksiz. Gerek ýerinde edep-edaly, zerur ýerinde suhan-sedaly bolup, biri-birine sepleşip gidýän sebäpleriň yzyna düşübermeli. Üstesine, Zeminiň hem siziň bilen deň gopmagyny isleýän bolsaňyz, gursagy hyjuw-hyruçdan dolduryp, batly ädimler bilen girişmeli. Çünki Zemin aýgytly ädimleriň zarbyndan lezzet alarmyş. Bir zady ymykly ýüregiňize düweniňizden soňra, «Gaýtmyşym etmek ýok» diýägetdin, öňe ymtylaýmak galýar. «Hemmesi bolar», «Biriniňki bolmasa-da, biziňki bolar. Her kimiň aýry nesibesi bar» diýip ýapyşmaly. «Bolar» diýseňiz bolar» diýen köneden bäri ýaýgyn bir sözem bar. Elbetde, ýöremeli ýoluň kynçyly

Ömür örküni bir gazete baglan

Halypa žurnalist Durdy Çörowy ýatlap Men bu gün ýaşlygymyzda köpimize halypa goluny uzadan žurnalist Durdy Çörowy ýatlaýaryn. Durdy aga ýumşak, adamlar bilen örän gadyrly gatnaşykly ynsanlardandy. Şonuň üçin tanaýanlaryň hemmesi oňa hormat goýýardy. Ýaşkiçi žurnalistler bolsa ony öz halypasy saýýardy.

Türkmen edebiýatynyň şamçyragy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Magtymguly Pyragynyň Astana şäheriniň gözel künjegindäki ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň goňşy döwletiň paýtagtyna görk bermegi şahyryň paýhas ummanyna gazak halkynyň uly hormat, sarpa goýýandygyna şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, milli medeniýetini ösdürmekde örän uly işleri bitiren beýik akyldardyr. Beýik şahyryň edebi mirasy dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Şonuň üçin şahyryň şygyrlary daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edildi. Şeýlelikde, Magtymgulynyň döredijiligi baradaky söhbet eýýäm ençeme wagt bäri dowam edip gelýär, özem şunda şahyryň çuň manyly, köptaraply döredijilik mirasyna akyl ýetirmek, goşgularynyň mazmunyny öwrenmek ugrundaky ylmy gözlegler, pikir-garaýyşlar barha kämilleşýär. Magtymguly Pyragyny öwrenijiler dünýäniň ähli yklymynda diýen ýaly bar. Olaryň ählisi-de türkmen şahyrynyň ussatlygynyň öňünde baş egýärler. Beýik şahyryň goşgularyny ylmy jemgyýetçilige tanyşdyrmakda, paýhasly pikirleriniň ýaýylmagy üçin şert döretmekde her ýyl geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň hyzmaty diýseň uludyr

Gahryman Arkadagym!

Ýyllarymyň geçenini duýmadym,Sözüň äleminde dalaş guradym.Özüme däl, Seniň üçin duradym,Gahryman Arkadagym! Batyrna däl, bahyllara kändirin,Başyň saglygyny, baý, diländirin.Geçip barýan ömre ýadygärdirin,Gahryman Arkadagym!

«Döwlet guşunda» Pyragynyň keşbi

Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynda özüniň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň diňe bir ýarym ýylyny — urşa giden kakasyndan maşgala garamatyny gerdenine alyp, ol ýüki entek çagadygyna garamazdan, merdi-merdanalyk bilen çeken döwrüni suratlandyrýar. Romanda türkmeniň buýsanjy Magtymguly Pyragynyň beýik şygyrlarynyň — ölmez-öçmez ruhy bilen ýaş Mälikgulynyň ýüregine medet, penakär, söýenç bolşy, ýaşdygyna garamazdan, garadangaýtmaz, merdana Mälikgulynyň bolsa özüniň agramly sözleri, juwan kalbyndan çykýan şygyrlary, arassa ýüregi, gara güýji bilen il-gününe hemaýatkär, goldaw bolandygy baradaky hakykat açylyp görkezilýär.

«...Iň soňky gezek haçan kitap okadyň?»

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan:— Okamagyň sogaby hakynda heniz oglankam eşiden şeýle mazmunly hekaýatym ýadyma düşýär. Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata berilse-de, yhlasy kem düşýärmi ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz, hiç işi ugruna bolubermändir. Ahyry ol öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili dogaly ulama Muhammet al-Abiwerdiniň ýanyna baryp, başyny alan bu müşgilliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym onuň iň soňky gezek haçan sadaka berenligi bilen gyzyklanypdyr. «Özümi zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime ýetmegi beýlede dursun, hatda ýekeje lukmany arkaýyn agzyma ýetirip bilemok. Bu ýagdaýda nädip sadaka bereýin?» diýip, ýere bakypdyr. «Ýeri bolýar, onda iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?» diýip, alym ýene-de oňa sowal bilen ýüzlenipdir. «Öz derdime başagaý bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk etmek pikiri asla kelläme-de gelmändir» diýip, ýigit göwünli-göwünsiz dillenipdir. «Ýeri bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?» diýip, alym sorapdyr. «Kitaby soňky gezek elime alanyma ýyl ýarym bolandyr» diýip, ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap beripdir. «Baý-bo-ow, heý, beýle-de bir zat bolarmy? Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap başlaýar. Onsoň ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp ýa-da duýup bil

Deňiz tolkunlary

Gije-gündiz kenaryna urulýan,Deňiz tolkunlary göze ýakymly.Tomus gelse iň owadan görnüş şol,Deňze tarap hyýallaryň akymy. Aýagyňy dyza çenli suw edip,Tolkun bilen gaçdy-kowdy oýnamak.Deňiz bilen öwrenişmek ýoly şol,Suw sepişip çaga ýaly ýaýnamak.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymgulynyň şygyrlarynda nakyla öwrülen setirler Yhlasym ary kyl, ýalanym ýok et,Tilimni deraz kyl, ýüzümni ak et.