Onore de Balzak

8 Awgust 2024
247

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatlary netijesinde gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 60 metr belentlikdäki ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. Medeni-seýilgäh toplumynda heýkeli oturdylan 24 ussadyň biri-de meşhur fransuz ýazyjysy, dramaturgy, žurnalisti, Ýewropa edebiýatynda realizm akymyny esaslandyryjylaryň biri Onore de Balzakdyr.

Onore de Balzak 1799-njy ýylyň 20-nji maýynda Fransiýanyň Tur şäherinde dünýä inýär. Kakasy hukukçy edip ýetişdirmek islegi bilen ony ilki Wandos kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde okadýar. Muňa garamazdan, ol turuwbaşdan ähli ünsüni edebiýata gönükdirýär. Balzagyň mugallymlarynyň biri Mareşal-Dýuplessi: «Dördünji synpdan soň onuň partasynyň üsti nämedir bir zatlar ýazylgy kagyzlardan dolar durardy» diýip, öz ýatlamalarynda ýazýar. Çagalygyndan Russo, Monteskýo, Golbah, Gelwesiý ýaly fransuz edebiýatynyň wekilleriniň eserlerini ürç edip okan Balzak şol döwürler goşgudyr sahna eserlerini ýazypdyr. Ýöne ol eserler biziň günlerimize gelip ýetmändir. Olary ýazyjy soň-soňlar «Lui Lamber» we «Jülgedäki liliýa» atly romanlarynda ýatlaýar.

Taýýarlan Ogulmaral BERDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar