Deňiz tolkunlary

7 Awgust 2024
83

Gije-gündiz kenaryna urulýan,
Deňiz tolkunlary göze ýakymly.
Tomus gelse iň owadan görnüş şol,
Deňze tarap hyýallaryň akymy.

Aýagyňy dyza çenli suw edip,
Tolkun bilen gaçdy-kowdy oýnamak.
Deňiz bilen öwrenişmek ýoly şol,
Suw sepişip çaga ýaly ýaýnamak.

Annamyrat AKYÝEW.
«Saglyk».
Beýleki habarlar