Gotazly saçbagy
Ir döwürlerden bäri ene-mamalarymyz alajalary ussatlyk bilen örüp, biziň günlerimize olaryň nusgalyk görnüşleri gelip ýetipdir. Şol ajaýyp görnüşleriň biri hem gelin-gyzlaryň dakynýan saçbagysydyr. Saçbagylar agzalanda, ýakymly ýatlamalara berleniňi duýman galýarsyň. Gyzlaryň durmuş mekdebiniň ussat mugallymlary bolan ejelerimiziň yhlasynyň özi bir dünýä. Ejem öý işleriniň-de, el işleriniň-de ussadydy. Käbäm köýnek tikip, ýakasyna nagyş salanda, ýaka boýnuna hökman köýnegiň reňkine görä alaja işip, gülýaka dakardy. Özi hem bütin ömrüne saçyna ak alajany dakyp gezen zenandy, saçy uzyndy.