Şu gün, ýagny 13-nji martda Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän halyçy gelin-gyzlaryň arasynda «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşik geçirildi. Halyçy gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, türkmen zenanyna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek we ýaş nesillerde haly sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Birinji şert «Syrlardan dokalan gözellik» diýlip atlandyryldy. Bu şertde halyçy gelin-gyzlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bilen baglanyşdyryp, haly we haly önümleriniň sergisini gurnadylar, öz saýlap alan hünäriniň taryhy, döreýşi, häzirki nesle gelip ýetişi barada buýsançly gürrüň berdiler. Ikinji şert «Zenan kalbyndan dörän nepislik» diýlip atlandyryldy. Bu şertde haly dokalanda ulanylýan tebigy reňkleriň we ýüň ýüplügiň taýýarlanylyşy hem-de halynyň ýüwürdilişi barada buýsançly çykyşlar edildi. «Gözellik dowamaty» diýlip atlandyrylan üçünji şertde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan «Arşyň nepisligi» atly kitabynda beýan edişi ýaly, türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty bilen baglanyşykly halkyň arasynda ýaýran rowaýatlar, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy yrymlar, gazallar, aýdyşyklar çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirildi.