Gotazly saçbagy

20 Mart 2024
880

Ir döwürlerden bäri ene-mamalarymyz alajalary ussatlyk bilen örüp, biziň günlerimize olaryň nusgalyk görnüşleri gelip ýetipdir. Şol ajaýyp görnüşleriň biri hem gelin-gyzlaryň dakynýan saçbagysydyr. Saçbagylar agzalanda, ýakymly ýatlamalara berleniňi duýman galýarsyň.

Gyzlaryň durmuş mekdebiniň ussat mugallymlary bolan ejelerimiziň yhlasynyň özi bir dünýä. Ejem öý işleriniň-de, el işleriniň-de ussadydy. Käbäm köýnek tikip, ýakasyna nagyş salanda, ýaka boýnuna hökman köýnegiň reňkine görä alaja işip, gülýaka dakardy. Özi hem bütin ömrüne saçyna ak alajany dakyp gezen zenandy, saçy uzyndy.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgäri.
Beýleki habarlar