"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar AŞGABAT, 8-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde uly abraý-hormata mynasyp boldy. Baky Bitarap Türkmenistan ynsanperwer ýörelgeler esasynda ählumumy abadançylygyň, ynanyşmagyň we Durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän täze başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şeýlelikde, ýurdumyz sebit hem-de dünýä möçberindäki, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki ynanyşmak arkaly işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny doly subut edip, häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmeginde, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmeginde işjeň orny eýeleýändigini aýan edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde we dünýäde durnuklylygy hem ösüşi üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, uly abraýdan peýdalanýar. Ýurdumyz tarapyndan bu ugurda amala aşyrylýan umumadamzat bähbidini nazarlaýan giň gerimli işler dünýäde uly goldawa mynasyp bolup, adamzadyň öňünde durýan sebitleýin we ählumumy häsiýetli meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar. Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler, öňe sürülýän başlangyçlar bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy muňa aýdyň şaý

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 7-nji iýul (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Owganystan meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde guraldy.

Gülläp ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, gülläp ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini ynanyşmak, özara hyzmatdaşlyk etmek, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ugurdaky işjeňlik bolsa, ilkinji nobatda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ählumumy bähbitleri nazarlaýan bu ýörelgeler doly durmuşa ornaşdyrylmak bilen, Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň we iş ýüzündäki anyk ädimleriniň nusga alarlykdygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjyna BMG-ä agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu başlangyjyň giň goldaw tapmagynyň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelere daýanýan umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty esasynda dünýä döwletleri bilen gurulýan parahatçylyk, birek-birege ynanyşmak we dostluk köprüleri dur. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilige gönükdirilen syýasatynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda halkymyzyň asuda, abadan dur

Ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň möhüm ugry

Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen iki gezek tassyklanyldy. Şeýle hem bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilendir. Parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň ýöredýän ýurdumyz dünýäniň iri hem-de abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. BMG hem-de onuň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmegi häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy hökmünde Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirýär.

«Daýançdaky» döwrebap dynç alyş

Bu günler Hazaryň merjen kenary – gözel Awaza çagalaryň bagtyýarlyk mekanyna öwrülip, olaryň şadyýan gülki sesleri mawy deňziň tolkunlaryna goşulyşýar. Gül Watanyň gujagynda bagtdan paýly eýjejik çagalaryň nurana dünýäsiniň joşgunly owazlary il-günümiziň abadan-asudalygynyň, döwrümiziň bagtyýarlygynyň, rysgal-berekedimiziň nyşanydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» dynç alyş we sagaldyş merkezindäki çagalaryň her bir güni şatlyk-şowhuna beslenip geçýär. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolmak her bir ynsany diýseň buýsandyrýar. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary tomus möwsümindäki dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem ýatdan çykmajak wakalara besleýärler. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň kenary — gözel Awaza jenneti keşbi, jana tenekar howasy, ajaýyp tebigaty bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, bu ýerde dynç alýan çagalaryň her sagady aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Tebigy täsinlikleri bilen göreni haýrana goýýan deňiz kenary, Awaza, balykgulaklar hakynda mekdepde öwrenen, teleýaýlymlarda gören täsinliklerini bu gün öz gözleri bilen synlamak bagtyna eýe bolan çagalaryň bu künjege söýgüsi artýar. Çaga kalplarynyň heýjanly duýgulary bilen goşulyşyp, tans edýän mawy tolkunlar bolsa, olaryň deňiz hakyndaky düşünjeleriniň berkemegine aýratyn täsir edýär.

Halkara mediaforum geçirildi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwer ugurly halkara derejeli duşuşyklaryň, maslahatlaryň, ykdysady-medeni çäreleriň geçirilýän şäheri hökmünde öz ornuny barha berkidýär. Öňňin hem ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda syýasatşynaslaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda sebit hyzmatdaşlygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu çäre Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça BMG-ä agza ýurtlaryň goldaw bermeginde we biragyzdan kabul etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän iri habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar AŞGABAT, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen duşuşyk geçirildi.

Bitaraplyk we halkara hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýup, halkara guramalarynyň işine işjeň gatnaşýar. Dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy hökmünde özüniň özbaşdak daşary syýasatyny ýöredýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň taryhy geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öz ornuny, ýol-ýörelgelerini tapmaga çalyşdy. 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar.  Parasatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri hukuk taýdan goldamaga gönükdirilen milli kanunçylygymyz döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasyna dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hakyndaky kadalar girizildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýä

Umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ählumumy ösüşi we abadançylygy üpjün etmekdäki ornunyň dünýä ykrarnamasy Ata Watanymyz Türkmenistan daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan soňky ýyllarda halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa Türkmenistana goňşy hem-de beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Hoşniýetli başlangyçlaryň ykrarnamasy

Gahryman Arkadagymyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasaty dünýäniň döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikleri açýar. Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň esasy maksady dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarydygyny görkezdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bolsa, dünýä bileleşigine agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynyň gaýtadan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir gezek aýdyň beýany boldy.

Ösüşleriň aýdyň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz Watanymyzyň berkararlygy üçin döredijilikli zähmet çekýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäde we sebitde durnukly ösüş ýoluna düşen döwlet hökmünde ykrar edildi. Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden Türkmenistan ösüşiň milli ýoluny saýlap aldy. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ykdysady taýdan ösüşe gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň köptaraply ösüşi ildeşlerimiziň kalbynda guwanç hem buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty bu ösüşe goşant goşmaga çalşyp, yhlasly zähmet çekýär.

Parahatçylyk — asylly ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyz, parahatçylyk söýüjilikli ýolumyz hakynda pikir ýöretmek, ony beýan etmek diýseň ýakymly. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan parahatçylyga uly ähmiýet berdi. Şeýlelikde, asudalyk arkaly durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýörelgesini hemra edinen eziz Diýarymyz gysga döwrüň içinde ykdysady, medeni ösüşleri gazandy. Bu döwürde türkmen halkynyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda hem ägirt uly ösüşler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary kemala gelip, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň ýol açyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-baba dowam edip gelen adalatlylyk, haýyr-sahawat, ynsanperwerlik, abadanlyk, gurmak we döretmek ýörelgelerine eýerip, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, döredijilik dabaralanýar. Türkmen jemgyýetini uly ösüşlere alyp barýan köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň taryhyna her gün täze-täze ösüşler altyn harplar bilen ýazylýar. Eziz Diýarymyz halkara hukuk kadalaryna, özara ykdysady bähbitlerine we milli ýörelgelerimize esaslanyp, syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda halkara gatnaşyklaryň berkemegi we ösdürilmegi üçin dürli döwletler bilen ýola goýlan gatnaşyklary bar

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Şu ýylyň 16 — 18-nji iýuny günlerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Parlamentara Bileleşigiň (IPU) guramagynda onlaýn görnüşde geçirilen Elektron parlament boýunça 9-njy Bütindünýä maslahata gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine innowasiýalary we sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler girizildi.

Parahatçylyk ýörelgelerimiziň belent ykrary

Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň durnukly ösüşleriň şaýoly bilen aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi eziz Diýarymyzyň daşary syýasatynyň uly üstünligidir. Bu türkmen halkynyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine hemişe ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy, geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde başlangyçlar bilen çykyş etmäge giň mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly belleýşi ýaly, döwletimiz bu parahatçylyk dörediji derejä eýe bolup, goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary guraýar, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şeýle hem öz raýatlarynyň abadan durmuşda ýaşamaklaryny üpjün etmek ýaly borçlary öz üstüne alýar. Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylyny eziz Watanymyzyň durmuşynyň daşary syýasy gatnaşyklarynda ata-babalarymyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň dabaralanan döwri hasaplamak bolar.

Abadançylygyň bähbidine gönükdirilen netijeli işler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Şeýle ajaýyp ösüşler — belent üstünlikler watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşmak hyjuwyny joşdurýar. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygar astynda geçýär. Şu ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ynsanyýet üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň baş şertine öwrüldi.

Parahatçylyk — hoşniýetliligiň ýoly

Bütin adamzat taryhyna ser salanymyzda-da, ähli gülläp ösüşler parahatçylykly ýyllarda amala aşyrylandyr. Adamzat parahatçylygy berkitmäge, ynsanlaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga ömürboýy gulluk edendir. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bina bolýar». «Adamzadyň bagty şundadyr — abadan hem rahat durmuşyndadyr». Ata Watanymyz Garaşsyzlygynyň geçen döwründe, esasan, parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň ýurdy hökmünde özüni tanatdy. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýäde ykrar edilýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyz dünýäde parahatçylygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatlarynyň özenini elmydama parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri tutýar. Döwlet Baştutanymyzyň ähli çykyşlaryny, öňe sürýän maksatnamalaryny, çuňňur many-mazmunly eserlerini okap görseň, ynsanlaryň abadan ýaşaýyşlarynyň berk daýanjy bolan parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň şaýady bolýarsyň.

Parahatçylygyň asylly ýörelgesi

Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeleriň netijesinde has-da uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap ösüşler bilen öňe barýar. Garaşsyz Türkmenistan bütin dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet, ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden meşhurdyr. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen, öňe sürýän paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar, ykrar edilýär. Dünýä halklary türkmen halkynyň ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwerlik häsiýetlerinden gözbaş alýan parahatçylyk, ynanyşmak ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändigine guwanýar. Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylykly, giň göwrümli başlangyçlarynda diňe bir öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary hem ileri tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly maslahat geçirildi.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm ugry

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döredijiligiň hem-de ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen buýsançly ýol Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli beýik işlerine beslendi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän halk bähbitli işler parahatçylyga, ynanyşmaga we deňhukukly gatnaşyklara badalga berýär. Durmuşa geçirilýän beýik işleriň gözbaşynda agzybirlik, deňhukuklylyk we ruhubelentlik bar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyga we ynanyşmaga binýat bolýan başlangyçlar biziň her birimizi buýsandyrýar. Munuň özi bize geljege ynamly garamaga, demokratik özgertmeleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge, halkara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär.