Parahatçylygyň asylly ýörelgesi

13 Iýun 2021
1677

Bagtyýarlygyň we parahatçylygyň mekanyna öwrülen eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeleriň netijesinde has-da uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyz ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap ösüşler bilen öňe barýar.

Garaşsyz Türkmenistan bütin dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet, ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden meşhurdyr. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen, öňe sürýän paýhasly başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar, ykrar edilýär. Dünýä halklary türkmen halkynyň ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwerlik häsiýetlerinden gözbaş alýan parahatçylyk, ynanyşmak ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýändigine guwanýar. Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylykly, giň göwrümli başlangyçlarynda diňe bir öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary hem ileri tutýar. Şeýlelikde, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Nazilýa KAHRAMANIÝA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar