Umumadamzat gymmatlygy

24 Iýun 2021
1918

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ählumumy ösüşi we abadançylygy üpjün etmekdäki ornunyň dünýä ykrarnamasy

Ata Watanymyz Türkmenistan daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan soňky ýyllarda halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa Türkmenistana goňşy hem-de beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Esmira AGAMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar