"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Iň ýokary tizlikli elektrouçar

Angliýanyň «Rolls-Royce» kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäniň iň ýokary tizlikli uçaryny öndürdi. «Spirit of Innovation » (Innowasiýanyň ruhy) atly howa gämisiniň ilkinji synagy 11 minut dowam edip, sagatky tizligi 620 kilometre ýetdi. Uçaryň tizligi ozalky rekorddan 220 km ýokary boldy. Bu rekord 2017-nji ýylda «Siemens » kompaniýasynyň «e-Aircraft» atly hereketlendirijisi oturdylan «Extra 330 LE Aerobatic » uçary bilen goýlupdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Worren Ist bütin dünýäniň COP26 howa maslahatynda global ýylylyga garşy, amaly zerurlyklara üns gönükdirmegi bilen gerekli tehnologik ädimleri üpjün etmek maksadyny durmuşa geçirmek üçin işe girişendiklerini aýtdy. Berlen maglumata görä, uçar bir gezekki zarýady bilen 30 minutdan gowurak uçup bilýär. Synag uçuşynda toplanan maglumatlar tassyklanmagy üçin awiasiýa hasaba alyşlaryna gözegçilik edýän Halkara Awiasiýa Federasiýasyna iberildi. Bu uçary öndürmek üçin işlenip düzülýän tehnologiýanyň geljekde uçýan taksileriň önümçiliginde hem ulanylmagyna garaşylýar. Maksat BERDIÝEW , Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Sanly ulgam: ynamly gadamlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz deňsiz-taýsyz ösüşlere eýe bolýar. Ähli pudaklara ylmyň iň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde sanly ulgamyň ähmiýetli ornuny her ädimde görýäris. Munuň özi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk bilen hem aýrylmaz baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «...innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar». «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we önümçilige ornaşdyrmak işleri döwrebap derejede ýola goýlup, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň bu ugurdan has-da kämilleşip, innowasion ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna oňyn täsir edýär. Hünärmenler, aýratyn-da, ýaşlar täze ylmy taglymatlary öwrenip, dünýä tejribesinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly bolýarlar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjü

Sanly tehnologiýalar ösüş ýolunda

Döwrüň tizligi bilen deň gadam urýan Watanymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we halka hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Şeýle hem aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Kämil tehnologiýalar özleşdirilýär

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ykdysady taýdan uly üstünlikler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimize döwrebap tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen ýokary öndürijilik, ykdysady tygşytlylyk üpjün edilýär. Şeýle ösüş depgini elektroenergetika pudagynda has-da aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň gurduryp beren täze elektrik stansiýalarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişi görnetin ýokarlandy. Bu bolsa arassa energiýa çeşmesiniň daşary ýurtlara eksport edilmegini artdyrmakda örän ähmiýetlidir.

Ösüşiň täze basgançagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady derejesini ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Konsepsiýadan gelip çykýan ygtybarly işleriň bellenen tapgyrlarda durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimizi sanly ykdysadyýete geçirmekde basgançak bolup hyzmat eder. Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ýaýrawlaryna sanly tehnologiýalaryň aralaşmagy gitdigiçe güýçlenýär. Sanly ykdysadyýet ýurduň ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, söwda, bilim we mundan başga-da birnäçe pudaklarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ykdysadyýet onlaýn tehnologiýalara esaslanýan we dolanyşykda işjeň gurallary talap edýän önümçilik, paýlamak, alyş-çalyş ýaly tapgyrlaryň esasynda döreýän gatnaşyklaryň jemidir. Onlaýn tehnologiýalary Web 1.0, 2.0, 3.0, 4.0 nesilleriniň tehnologiýalary bolup, internet ulgamynda kommunikasiýalary amala aşyrmagy ýeňilleşdirýär we sanly önümleriň täze görnüşlerini ösdürmäge ýardam edýär.

Sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleri

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgama geçilmegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «www.metbugat.gov.tm» saýty hereket edip başlady. Bu saýt birnäçe bölümden ybarat. «Garaşsyzlyk», «Gazetler», «Žurnallar», «Kitaplar», «Hyzmatlar» ýaly bölümleriň her biriniň birnäçe mümkinçiligi bar. Saýtyň «Garaşsyzlyk» sahypasyndan döwürleýin neşirlerde çap edilýän makalalary, günüň wakalaryny okap bolýar. Saýtyň «Gazetler» we «Žurnallar» bölümlerinde ýurdumyzda çapdan çykarylýan neşirleri ýükläp alyp bolýar.

«Sanly innowasiýalar» bäsleşigi — döwrebap pikirleriň täze dünýäsi

BEÝGELMEK YLYMDAN BAŞLANÝAR Sanly ulgamyň ösmegi bilen dünýä ylmy, gör, nirelere ýetdi! Dünýä ykdysadyýeti, bilimi, senagaty sanly ulgam arkaly asyrlyk ädimleri ätdiler. Diýmek, sanly ulgama geçmeklik dünýä bilen aýakdaş gitmegiň hem baş şertine öwrülýär. Bir düwmede giden işleri dolandyryp, gözegçilik edip bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ähli pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy babatdaky işler hem şundan söz açýar. Şulardan çen tutsaň, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda sanly ulgama geçmek babatda durmuşa geçirilen hem-de häzirki wagtda dowam etdirilýän işler uzak hem-de ýagty geljegi nazarlaýar.

Abuna — 2022

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! Size 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin «Watan» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris.

Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlarynyň esasynda 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyny, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti we sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin ädilen aýgytly ädimleriň biri boldy. Sanly bilim ulgamynda halkara tejribelerini öwrenmek, olary durmuşa ornaşdyrmak hem wajypdyr. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçişini üpjün edýän innowasion toplumy kemala getirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Sanly tehnologiýalar we internet ulgamy arkaly amala aşyrylýan amallaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri hem örän wajypdyr. Kiberhowpsuzlyga käwagt kompýuter howpsuzlygy hem diýýärler. Internetiň ösen döwründe her birimiz öz durmuşymyzy ýeňilleşdirýän dürli tehnologiýalardan peýdalanmaly bolýarys. Şeýle ýagdaýlarda biziň kiber hüjümiň pidasy bolmagymyz gaty ähtimaldyr. Kiber hüjümleriň netijesinde ulanyjylaryň şahsy durmuşyna degişli syrlaryň, kart we töleg

Sanly ulgam

«7/24.tm», №47 (78), 22.11.2021. Sanly ulgam we bilim

«Qualcomm» -yň paý­na­ma­la­ry ýo­kar­lan­ýar

«Qualcomm» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň söw­da­la­ry ge­çen hep­de 7,89 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, oňyn gör­ke­zi­ji­le­re eýe bol­dy. Söw­da­la­ryň ýo­kar­lan­ma­gy­na «Qualcomm»-yň baş di­rek­to­ry Kris­tia­no Ei­mon ma­ýa go­ýum iş­le­rin­de kom­pa­ni­ýa­nyň aw­tou­lag biz­ne­si­niň gel­jek 10 ýyl­da ABŞ-nyň 1 mil­liard dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 10 mil­liard dol­la­ry­na çen­li art­jak­dy­gy hak­da­ky çak­la­ma­sy iter­gi ber­di. Şeý­le-de ol IoT biz­ne­si­niň 2025-nji ýy­la çen­li 75% ös­jek­di­gi­ni öňe sür­di. Mag­lu­mat üçin, ýol­baş­çy­lar in­di­ki ýyl «App­le»-iň «iP­ho­ne»-la­ry üçin mo­dem­le­re bo­lan is­le­giň di­ňe 20%-niň bu kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­jek­di­gi­ni bel­le­di­ler.

Tä­ze ki­ber­howp­suz­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny hödürleýär

Ki­ber­howp­suz­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün edi­ji «Pa­lo Al­to» kom­pa­ni­ýa­sy uzak möh­let­li ösü­şe gö­nük­di­ri­len tä­ze çöz­güt­le­ri­ni işe gi­riz­di. Iň çalt ös­ýän mag­lu­mat üp­jün­çi­li­gi hyz­mat­la­ry­nyň ulgamynda iler­le­ýän kom­pa­ni­ýa te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa hem-de web hyz­mat­la­ry ba­za­ry­ny na­zar­la­ýar. Hut şu se­bäp­li-de, «Pa­lo Al­to» gel­jek­de gir­de­ji­si­niň dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün edip bil­jek uly pu­dak­lar­da öň­de­ba­ry­jy bol­ma­ga ym­tyl­ýar. Bu ba­bat­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 47,76% ýo­kar­lanandygyny bellemek gerek. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Pa­lo Al­to»-nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 525,14 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Sier­ra Wi­re­less»-iň IoT çöz­güt­le­ri ýo­kar­lan­dy

Soň­ky aý­lar­da «Sier­ra Wi­re­less» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gym­ma­ty­nyň ozal­ky­la­ryn­dan ep-es­li ýo­kar­lan­ýan­dy­gy bi­ler­men­le­riň ün­sü­ni çek­ýär. Ge­çen hep­de kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ABŞ-nyň 18,9 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 30% ýo­kar­lan­dy. «Sier­ra Wi­re­less» do­wam ed­ýän 5G, yk­jam IoT we ýer­li hu­su­sy sim­siz ul­gam­la­ryň kö­me­gi bi­len, has uly sep­git­le­re ýet­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.

XDR to­ru­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di

Ki­ber­howp­suz­lyk çöz­güt­le­ri­ni üp­jün edi­ji «CrowdSt­ri­ke» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ösüş gör­ke­zi­ji­si or­ta­ça ýag­daý­da ha­sa­ba alyn­dy. «CrowdSt­ri­ke» kom­pa­ni­ýa­sy in­ter­net saýt­la­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­ny go­ra­mak hyz­mat­la­ry­ny we beý­le­ki IT önüm­le­ri­ni üp­jün edi­ji­le­ri bi­rik­di­rip bol­jak XDR to­ru­nyň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy 3% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 262,51 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Blink Char­ging»-iň kuw­wat­lan­dy­ry­jy­la­ry­nyň ösü­şi 20% art­dy

Elekt­rik ulag­la­ry üçin kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­la­ry ön­dü­ri­ji «Blink Char­ging» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry ge­çen hep­de 20% ýo­kar­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da ulag-ara­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­le­giň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de, kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­lar­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny git­di­gi­çe art­ýar. «Blink Char­ging» ABŞ-da we bü­tin dün­ýä­de ener­gi­ýa aky­my­ny, nyrh­la­ry we baş­ga­la­ry do­lan­dyr­mak üçin müş­de­ri­le­re bu­lut­dan bi­ri­gip bolýan kuw­wat­lan­dy­ry­jy stan­si­ýa­la­ry­nyň ul­ga­my­ny hö­dür­le­ýär. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 44,66 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

Howp­suz­lyk en­jam­la­ry­nyň sar­gyt­la­ry­ny ha­sa­ba al­ýar

Hu­kuk go­raý­jy en­jam­lar we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ön­dü­ri­ji «Axon En­terp­ri­se» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri­ni çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Axon»-yň gir­de­ji­si 39% ar­typ, ABŞ-nyň 232 mil­li­on dol­la­ry­na ýet­di. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa­nyň ABŞ-nyň 500 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan re­kord sar­gyt­la­ry ha­sa­ba alyn­dy. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 70% ýo­ka­ry­dyr.

«Rivian Au­to­mo­tive» köp­çü­lik­le­ýin ba­za­ra çyk­dy

Dün­ýä bel­li elekt­rik ulag kom­pa­ni­ýa­sy «Rivian Au­to­mo­tive» ge­çen hep­de köp­çü­lik­le­ýin ba­za­ra çyk­dy. «Rivian» ulag­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň mö­hüm ba­zar pa­ýy­na bil bag­la­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­li­gi bar. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň ma­ýa go­ýu­my ABŞ-nyň 120 mil­liard dol­la­ryn­dan geç­ýär. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, «Rivian» «Ama­zon»-dan sar­gyt alyp, hat­da aý­ra­tyn üp­jün edi­ji bo­lup hem bi­ler.

«For­ti­net»-iň ki­ber­howp­suz­lyk hyz­mat­la­ry iş­jeň­leş­ýär

Ki­ber­howp­suz­lyk çöz­güt­le­ri­ni üp­jün edi­ji «For­ti­net» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­de şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri­niň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «For­ti­net»-iň üçün­ji çär­ýek­dä­ki gir­de­ji­si 33% ar­typ, ABŞ-nyň 867 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ös­me­gi­ne mag­lu­mat mer­ke­zi­niň dolanyşygy iter­gi ber­di. Bu önüm­ler ge­çen çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň, tak­my­nan, 40%-ini eme­le ge­tir­di. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 335,13 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Walt Dis­ney» se­ýil­gäh­le­ri ýe­ne gir­de­ji­li

Güý­men­je mer­kez­le­ri­niň hyz­mat­la­ra gaý­dyp gel­me­gi ne­ti­je­sin­de, «Walt Dis­neý» üç aý bä­ri müş­de­ri­le­ri­ne hyz­mat edip, bu ul­gam­da tu­ruw­baş­dan gir­de­ji­si­ni art­dyr­dy. «Walt Dis­ney»-iň hü­när­men­le­ri ýa­kyn­da mow­zuk se­ýil­gäh­le­ri bö­lüm­le­rin­den ABŞ-nyň 22 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 158,43 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Sea­ga­te Ral­ly»: ha­sa­bat we tä­ze am­mar teh­no­lo­gi­ýa­sy

«Sea­ga­te» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­de gir­de­ji­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ni çap edip, gib­rid sak­la­ýyş in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ula­ny­jy­la­ra hö­dür­le­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, «Sea­ga­te»-iň her bir paý­na­ma­dan alan gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,28 dol­la­ry­na, nagt we şo­ňa meň­zeş paý­na­ma­lar­dan alan gir­de­ji­si bol­sa ABŞ-nyň 991 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Öňü­miz­dä­ki çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, ABŞ-nyň 3,1 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­zan­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 108,12 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.