Sanly ulgam: ynamly gadamlar

24 Noýabr 2021
1708

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz deňsiz-taýsyz ösüşlere eýe bolýar. Ähli pudaklara ylmyň iň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalar, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde sanly ulgamyň ähmiýetli ornuny her ädimde görýäris. Munuň özi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk bilen hem aýrylmaz baglydyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «...innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar».

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we önümçilige ornaşdyrmak işleri döwrebap derejede ýola goýlup, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň bu ugurdan has-da kämilleşip, innowasion ösüşleriň öň hatarynda bolmagyna oňyn täsir edýär. Hünärmenler, aýratyn-da, ýaşlar täze ylmy taglymatlary öwrenip, dünýä tejribesinden, öňdebaryjy tehnologiýalardan habarly bolýarlar. «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň öňdebaryjy tehniki enjamlar, ýokary tizlikli internet tehnologiýalary, kompýuter programmalary bilen üpjün edilmegi, elektron okuw-görkezme esbaplarynyň, wideo we audio materiallaryň, elektron okuw kitaplarydyr gollanmalaryň taýýarlanmagy netijesinde, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan zehinli hünärmenleriň nesli kemala gelýär. Ýaş hünärmenler sanly bilim ulgamyndaky dünýä tejribesini öwrenip, ony ýurdumyza ornaşdyrmak babatda teklipleri taýýarlamaga ýardam edýärler, milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna öz açyşlaryny hödürläp, bu ugurda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň täze, innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýänleriň aglabasy ýaşlardyr.

Göwher DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar