Iň ýokary tizlikli elektrouçar

26 Noýabr 2021
1248

Angliýanyň «Rolls-Royce» kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäniň iň ýokary tizlikli uçaryny öndürdi. «Spirit of Innovation » (Innowasiýanyň ruhy) atly howa gämisiniň ilkinji synagy 11 minut dowam edip, sagatky tizligi 620 kilometre ýetdi. Uçaryň tizligi ozalky rekorddan 220 km ýokary boldy. Bu rekord 2017-nji ýylda «Siemens » kompaniýasynyň «e-Aircraft» atly hereketlendirijisi oturdylan «Extra 330 LE Aerobatic » uçary bilen goýlupdy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Worren Ist bütin dünýäniň COP26 howa maslahatynda global ýylylyga garşy, amaly zerurlyklara üns gönükdirmegi bilen gerekli tehnologik ädimleri üpjün etmek maksadyny durmuşa geçirmek üçin işe girişendiklerini aýtdy. Berlen maglumata görä, uçar bir gezekki zarýady bilen 30 minutdan gowurak uçup bilýär. Synag uçuşynda toplanan maglumatlar tassyklanmagy üçin awiasiýa hasaba alyşlaryna gözegçilik edýän Halkara Awiasiýa Federasiýasyna iberildi. Bu uçary öndürmek üçin işlenip düzülýän tehnologiýanyň geljekde uçýan taksileriň önümçiliginde hem ulanylmagyna garaşylýar. Maksat BERDIÝEW , Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

Beýleki habarlar