"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Hyundai » önümçilikdäki örüsini giňeltdi

 «Hyundai » kompaniýasy 9 orunlyk täze «Staria » mikroawtobusyny döretdi. Uly maşgalalar we kärhanalar üçin niýetlenen bu uly ulag 18 dýuýmlyk tigir, LED lampalar we piksel çyralar bilen üpjün edilipdir. Mundan başga- da, awtoulagda 9 sany oturgyç bolup, 4 hatara ýerleşdirilendir. Diwana çalymdaş üç orunlyk oturgyç diňe yz tarapda bar, galan hatarlarda iki sany oturgyç bar. Ikinji hatardaky oturgyçlary garşysyna öwrüp, ýolagçylaryň ýüzbe- ýüz oturmagyny hem üpjün edip bolýar. Bu, esasan, uly ýygnaklara gatnaşýan adamlaryň konferensiýa barýan wagty gürrüňdeşlik geçmegine uly mümkinçilik berýär. Mundan başgada, awtoulagyň içinde ösen kontur yşyklandyrylyşy (saýlamak üçin 64 reňk) bar. Ulagyň içinde öz ýakyn hossarlaryň we dostlaryň bilen kiçiräk doglan günleri, dabaralary geçirmek hem gyzykly bolar. Şeýle- de, howany sazlaýjy enjam hem bolup, ol ýylyň ähli paslynda howa ýagdaýyny durnukly saklamaga ukyplydyr. Ulagyň öň tarapynda üýtgeşik ýerleşiş bar. Sürüjiniň öňündäki paneliň üstünde dolandyryş paneli, merkezi konsulda uly duýgur ekranly howa dolandyryş paneli bilen birleşdirilen 10,25 dýuýmlyk multimedia ulgamy bar. Umuman aýdanyňda, bu awtoulag önümçiligini ýola goýujylar öndüren awtoulaglarynyň dünýä bazarynda isleg bildirilýän ulag boljakdygyna ynanýarlar. Oguljennet NAZAROWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Informatika we maglumat teh

3D printerde çap edildi

 Dünýäde tehnologiýanyň çalt depginlerde ösmegi saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösüşine özboluşly goşant goşýar. Täze tehnologiýanyň hasabyna lukmançylyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Beýik Britaniýada emeli usulda göz protezi ýasaldy. 3D printerinde çap edilen emeli göz London şäheriniň Murfilds oftalmologiýa hassahanasynda 40 ýaşly Stiw Werzä oturdyldy. Bu operasiýa ilkinji bolmagy bilen tapawutlanýar. Innowasion esasda taýýarlanan göz adaty gözüň hereketlerini ýerine ýetirýär. 3D printeri bilen emeli göz 3 hepdede taýýarlanýar. Emeli göz oturdylan hassa bu innowasion çözgütden gaty hoşal bolandygyny belledi. Arslan BABAÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

«Maglumatlar tekjesi» we kiberhowpsuzlyk

Maglumatlar eýýamynda olaryň peýdalanylyşy tehnologiýalar bilen berk baglydyr. Indi özümize gerek islendik maglumaty tapmak üçin gat-gat kitap dörmegiň hajaty ýok. Kompýuter klawiaturasynda ýa-da öýjükli el telefonlarynda sanlyja düwmä basmak bilen, gözleýän maglumatymyzyň ýüzlerçe çeşmelerine eýe bolup bilýäris. Onsoň, şolaryň haýsysyny açsaň, maglumatlar bilen birlikde giden amatlyklar peýda bolýar. Munuň ýönekeýjesi hem amatlysy maglumatlaryň içinden maglumat gözlemegiň «gözleg» penjiresi bolup durýar. Garaz, maglumat hemmä gerek. Olaryň «saklanýan tekjesiniň» — bulut tehnologiýasynyň bolsa maglumatdan ýüki ýetik. «Google» ýa-da «Opera» ýaly brauzerler hakynda bilmeýänimiz az bolsa gerek. Sebäbi köpimiz gündelik internet toruna «Google»-niň üsti bilen girýäris. Maglumat okasagam, surat alsagam, wideo görsegem, iň bärkisi, tanyş-bilşlere hat ibersegem, brauzerleriň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys.

Tä­sin­lik­le­riň tä­si­ri

Binanyň içinde aýna gapjagazlarda dürli-dürli reňkdäki suwlar diýjekmiň, gözüňi dokundyrýan her tüýsli hoşboý ysly otag gülleri diýermiň, bygyr-bygyr gaýnap duran ululy-kiçili gazanjyklar, garaz, ol ýeri dünýäniň içindäki özboluşly dünýä. Göýä, multifilmlerdäki jadygöýüň täsin otagynda gezmeläp ýörene döndüm. Iň çetki otaglaryň birinde ak halatly, tabşyrylan ýumuşlaryny köstsüz etjek bolşup duran ýaş talyplara, şägirtlerine bir zatlary görkezip ikibaka ýöreýän mugallymlara nazaryň kaklyşanda, görýänlerimiň hyýaly dünýä däl-de, hakykatdygyna magat göz ýetirdim. Dessine-de partanyň bäri çüňkünde talyplaryny daşyna gallan ýaş zenan mugallymyň ýanyna ýelk ýasadym. Ýetişiksiz günde ýaly görünýän mugallym gözüme diýseň yssy göründi. Göwnüme bolmasa, ol eýýäm öz hünärinden kämil baş çykarýana meňzeýärdi. Ynamym meni bu gezegem aldamady. Ýakynlaşdygyňça kem-kem aýyl-saýyl gulagyňa ilýän sesler muny aýdyňlaşdyrdy: — Bilşimiz ýaly, talyplar, ulanyşdan galan batereýalarda grafit bolýar. Biz olardan grafen oksidi almak üçin birnäçe işleri geçirmeli. Biler bolsaňyz, olaryň köp bölegi ilatly ýerlerde, meýdanlarda duş gelýär. Şonuň üçin biz ertir ir bilen işe girişmeli boljak. Ýanyňyza gerekli ýol esbaplaryňyzy alyp, taýýar boluň, ertir ýola çykýas...

Sanly dünýäniň açary

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Döwrebap tehnologiýalaryň we innowasion nou-haularyň ösýän wagty ykdysadyýetde sanly ulgamyň ösdürilmegi hem zerurlykdyr. Sanly ulgamyň hasabyna kämil we takyk statistik maglumatlar binýady döredildi, milli ykdysady ösüşimiziň özeninde durýan saglyk, bilim, azyk, durmuş üpjünçiligini ösdürmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek babatda möhüm wezipeler amala aşyryldy.

Kos­mos gi­ňiş­li­gi –tä­ze teh­nol­gi­ýa­la­ra ba­dal­ga

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyzyň ähli pudaklarynda täze-täze ösüşlere, üstünliklere eýe bolunýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda kosmas giňişligi hem-de halkara kosmos hukugy barada täze işler hem-de birnäçe taslamalar alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegini hem-de 2015-nji ýylda kommunikasiýalary ösdürmäge ýardam edýän «Türkmen Älem 52oE» hemrasynyň Ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy ýurdumyz üçin diňe tehnologik taýdan öňe gidişlik bolman, eýsem, syýasy taýdan hem möhüm waka öwrüldi. Türkmenistan beýik maksatlary we hoşniýetli hyzmatdaşlygy bilen älem giňişligine çykdy. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Biziň döwletimiz kosmos tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülmelidir diýen ýörelgeden ugur alýar» diýip belleýär. «Türkmen Älem 52oE» hemrasy ýokary mümkinçilikli ýaýlymlary alyp görkezmäge ýardam berýär. Onuň agramly bölegini kommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek üçin niýetlenen döwrebap enjamlar tutýar. Häzir «BSS» hemra ýaýlymy Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryny alyp görkezýär. Ýurdumyzyň ministrlikleri we edara-kärhanalary milli hemranyň hyzmatlaryndan üstünlikli peýdalanýarlar, şeýle-de «Türkmen hemrasy» paýdarlar jemgyýeti hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda iş

Medeniýet ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda türkmen medeniýetiniň täze üstünliklere, rowaçlyklara beslenmeginde ulgamyň sanlylaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Medeniýet ulgamyna sanly elektron ulgamyny ornaşdyrmak işi internet arkaly maglumat infrastrukturasyny ösdürmekden we merkezleşdirmekden ybarat. Munuň bolsa ulgama sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmakda, teatrlary, kitaphanalary, muzeýleri döwrebaplaşdyrmakda, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaklaryna şert döretmekde uly hyzmaty bardyr.

5G to­runyň hyzmatlaryny çalt­laş­dyr­ýar

«T-Mo­bi­le» te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy 5G to­ru­nyň hyz­mat­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny çalt­laş­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da mag­lu­mat tiz­li­gi we tor müm­kin­çi­lik­le­ri bo­ýun­ça kom­pa­ni­ýa bir­nä­çe bäs­deş­le­rin­den ep-es­li öň­de dur­ýar. Ýa­ňy-ýa­kyn­da 5G to­runyň ula­ny­jy­la­ry­nyň hä­zir­ki wagt­da ABŞ-da, or­ta­ça, 200 mil­lion ada­ma ýet­ýän­di­gi barada ha­bar beril­di. Bu bol­sa «T-Mo­bi­le»-niň müş­de­ri­le­ri­niň 80%-ini öz içi­ne al­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, gel­jek iki ýyl­da or­ta ýy­gy­lyk ara­ly­gy 300 mil­lion ada­ma el­ýe­ter­li bo­lar. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da «T-Mo­bi­le»-niň bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 115,62 dol­la­ryn­dan satyldy.

«Cam­ping World Hol­dings»-iň müş­de­ri­le­ri art­ýar

«Cam­ping World Hol­dings» kom­pa­ni­ýa­sy in­di bir­nä­çe çär­ýek­de yzy­gi­der­li ösü­şi­ni do­wam ed­ýär. «Cam­ping World Hol­dings»-iň 2021-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da­ky gir­de­ji­si ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 14%, aras­sa ga­zan­jy bol­sa 22% art­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tuw­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na is­leg bil­dir­ýän müş­de­ri­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy iter­gi ber­ýär. Bu ba­bat­da kom­pa­ni­ýa­nyň müş­de­ri­le­ri­ne bir­nä­çe hyz­mat­la­ry hö­dür­le­me­gi-de, ola­ryň sa­ny­nyň bel­li bir ba­bat­da art­ma­gy­na esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da «Cam­ping World Hol­dings»-iň bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 42,36 dol­la­ry möçberinde ba­ha­lan­dy.

«Cas­per Sleep»-iň geljegi üçin oňyn çözgüt

Dü­şek­le­ri we beý­le­ki dok­ma önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji «Cas­per Sleep» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­de hu­su­sy paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti «Du­ra­tio­nal Capi­tal» ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu tä­ze­lik «Cas­per Sleep»-iň gel­je­gi­niň ösü­şi üçin iň go­wy çöz­güt bo­lup bi­ler. Yla­la­şy­gyň şert­le­ri­ne gö­rä, «Cas­per Sleep»-iň ma­ýa­dar­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň 94% pa­ýy­na eýe bo­lup, her bir paý­na­ma­dan ABŞ-nyň 6 dol­la­ry möç­be­rin­de paý alar­lar. Soň­ky ge­çen söw­da­lar­da kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry 88% gir­de­ji ga­zan­dy.

«Tar­get»-iň girdejisi ýokarlanýar

«Tar­get» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de her bir paý­na­ma­dan ABŞ-nyň 3,03 dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji al­dy. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, kom­pa­ni­ýa­nyň çär­ýek­le­ýin gir­de­ji­si ABŞ-nyň 22,63 dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 25,65 dol­la­ry­na çenli ýokarlandy. Kom­pa­ni­ýa­nyň de­giş­li hü­när­men­le­ri öňü­miz­dä­ki çär­ýek­de «Tar­get»-iň gir­de­ji­le­riniň has-da ös­me­gi­ne ga­raş­ýarlar. Önüm­le­riň üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da kom­pa­ni­ýa bir­nä­çe bäs­deş­le­rin­den öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Umu­man, soň­ky ha­sa­bat­lar­da kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tu­wy­nyň ösü­şi­niň 12,7% ýo­kar­la­nan­dy­gy aý­dyl­ýar.

«Lo­we's»-iň satuwlary 2,2% ösüş gazandy

«Lo­we's» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 1,90 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji al­dy. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tuw­la­ry ABŞ-nyň 22,92 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Umu­man, sa­tuw­la­ryň ösü­şi 2,2%-e ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­dan alan sap gir­de­ji­si ABŞ-nyň 2,35 dol­la­ry­na ba­ra­bar­ boldy. «Lo­we's»-iň bi­ler­men­le­ri 2021-nji ma­li­ýe ýy­ly­nyň gir­de­ji çak­la­ma­sy­ny, tak­my­nan, ABŞ-nyň 95 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dyr­dy­lar.

«Cisco Sys­tems» işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy

«Cisco Sys­tems» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 3 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­zan­dy. Ha­sa­bat döw­rü­nde kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si 12,9 mil­liard dol­la­ryna çen­li ýo­kar­lan­dy. Bi­ler­men­ler kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň ABŞ-nyň 12,98 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de bol­ma­gy­ny çak­la­ýar­dy­lar. Kom­pa­ni­ýa gir­de­ji­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tä­ze hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­ýar. Bu ba­bat­da «Cisco Sys­tems» bir­nä­çe önüm­çi­lik kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­dy.

Gel­jek ýyl 2 mil­liard dol­la­rlyk gir­de­jä garaşýar

«So­nos» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýeginde ABŞ-nyň 359,5 mil­lion dol­lary möçberinde gir­de­ji al­dy. Bi­ler­men­le­ri bu çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si­niň ABŞ-nyň 360 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de bol­ma­gy­ny çak­la­ýar­dy­lar. Bu gör­ke­zi­ji­niň gel­jek ma­li­ýe ýy­lyn­da ABŞ-nyň 2 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýa­kyn­da kom­pa­ni­ýa ABŞ-nyň 150 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar paý­na­ma­sy­ny yzy­na sa­tyn al­mak ba­ra­da mak­sat­na­ma­sy­ny hem yg­lan et­di. Mag­lu­mat üçin, kom­pa­ni­ýa dür­li gör­nüş­li kuw­wat­lan­dy­ry­jy­la­ry we elekt­ro­teh­ni­ka­la­ry ön­dür­ýär.

«Sam­sung» kompaniýasy çip za­wo­dy­ny gu­rar

«Sam­sung Electro­nics» kom­pa­ni­ýasy Te­has­da (ABŞ) hä­zir­ki za­man mik­ros­he­ma­lar za­wo­dy­ny gur­mak­çy bol­ýar. Bu ba­ra­da «Bloom­berg» agent­li­gi ha­bar ber­ýär. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň iň iri kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze za­wo­dyny Os­tin­dä­ki (Te­has şta­ty, ABŞ) ägirt uly önüm­çi­lik mer­ke­zin­den 30 km uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Teý­lor şä­he­rin­de gu­rar. Hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa 3000-den gow­rak iş­gä­ri özün­de jem­le­ýän we ýurt­da iň çyl­şy­rym­ly mik­ros­he­ma­la­ry ön­dür­ýän ägirt uly önüm­çi­lik top­lu­my­na ABŞ-nyň 17 mil­liard dol­laryna golaý ma­ýa goý­dy.

«Xiao­mi» smart­fon­la­ry öý­de be­jer­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýär

Hy­ta­ýyň teh­no­lo­gi­ýa ägir­di «Xiao­mi» kom­pa­ni­ýa­sy tarapyndan smart­fon­la­ry öý­de abat­la­mak üçin niýetlenen «Xiao­mi Cares» me­ýil­na­ma­sy­ işe goý­be­rildi. Bu ba­ra­da «GSM Are­na» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň Hin­dis­tan bö­lüm­çe­si­niň saý­tyn­da müş­de­ri­niň bäh­bit­le­ri­niň el­my­da­ma bi­rin­ji orun­da dur­ýan­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­ýar. «Xiao­mi In­dia» me­ýil­na­ma­sy­nyň anyk şert­le­ri­ni we wag­ty­ny mä­lim et­me­ýär, di­ňe onuň ýa­kyn wagt­lar­da işe baş­la­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ha­bar be­riş se­riş­de­si mu­nuň «App­le»-niň müş­de­ri­le­re en­jam­la­ry­ny abat­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän me­ýil­na­ma­syn­dan soň­ky meň­zeş ikin­ji me­ýil­na­ma di­ýip ha­ba­ryn­da aýd­ýar. «Self Service Re­pair» in­di­ki ýy­lyň ba­şyn­da ABŞ-da, soň­ra bol­sa beý­le­ki ýurt­lar­da öz işi­ne baş­lar.

«Nis­san Mo­tor» önümçiligini giňeldýär

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Nis­san Mo­tor» aw­tou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li Ýew­ro­pa­nyň ba­za­ryn­da elekt­rik hereketlendiriji­de iş­le­ýän we gib­rid ulag­la­ry­nyň pa­ýy­ny 80%-e ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. «Nis­san Mo­tor» üçin esa­sy ba­zar­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Hy­taý­da bu gör­ke­zi­ji 50%-e ba­ra­bar bo­lar. Kom­pa­ni­ýa 2010-2020-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ho­wa­ny ha­pa­la­ýan ji­sim­le­ri bolmadyk aw­tou­lag­la­ry ön­dür­mek üçin, tak­my­nan, 3 tril­lion ýen (ABŞ-nyň 26 mil­liard dol­la­ry) ma­ýa goý­dy. Do­wam ed­ýän on­ýyl­lyk­da ola­ryň möç­be­ri­ni 30% kö­pelt­mek göz öňü­nde tu­tul­ýar. Şeý­le-de «Nis­san Mo­tor» 2026-njy ýy­la çen­li hä­zir önüm­çi­lik­de bar bo­lan bäş mo­de­lin­den baş­ga-da, ýe­ne 10 sa­ny tä­ze elekt­ro­mo­bil­le­ri­ni dün­ýä ba­za­ry­na çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýär.

«Bai­du» tö­leg­li ro­bot-tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la go­ýýar

Hy­ta­ýyň «Bai­du» in­ter­net kom­pa­ni­ýa­sy Pe­ki­niň (Hy­taý) gü­nor­ta­syn­da ýurt­da il­kin­ji tö­leg­li ro­bot-tak­si hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­ýar. Mu­nuň üçin, Pe­ki­niň şä­her hä­kim­li­gi oňa ýö­ri­te yg­ty­ýar­na­ma ber­di. Yg­ty­ýar­na­ma la­ýyk­lyk­da, kom­pa­ni­ýa Hy­ta­ýyň paý­tag­ty­nyň gü­nor­ta­syn­da 60 ine­dör­dül ki­lo­met­r aralygynda sü­rü­ji­siz tak­si hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýan ýo­lag­çy­lar­dan tö­leg alyp bi­ler. Hyz­mat «Apol­lo Go» diý­lip at­lan­dy­ry­lar we her gün ir­den sa­gat 700-dan ag­şam 2200-a çen­li he­re­ket eder. «Bai­du» bu se­bit­de ýene-de 600-den gow­rak ro­bot-tak­si hyz­ma­tlarynyň no­ka­dy­ny dö­re­der. Mag­lu­mat peý­da bo­lan­dan soň, ge­çen hep­de Gon­kon­gyň gaz­na bir­ža­syn­da «Bai­du»-nyň paý­na­ma­la­ry 4,4% gymmatlady.

Tä­ze «Porsche Taycan GTS» elekt­rik se­da­ny­ny tanyşdyrdy

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Porsche AG» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýyl­da önüm­çi­li­ge goý­be­ril­me­li tä­ze «Porsche Taycan GTS» elekt­rik se­da­ny­ny gör­kez­di. Aw­tou­la­gyň kuw­wat­ly­lygy 590 at güý­jü­ne ba­rabar bolup, ol sa­gat­da 96 ki­lo­metr tiz­li­ge 3,5 se­kunt­da ýet­ýär. Elekt­ro­kar 93,4 kWt kuw­wat­ly ba­ta­re­ýa bi­len üp­jün edi­len­dir. Onuň zar­ýad­ka müm­kin­çi­li­gi 22,5 mi­nu­ta ba­rabar we bir zar­ýad­ka­da 365 km çen­li ýoly geçip bil­ýär. «Taycan GTS» 20 dýuým­lyk ae­ro­di­na­mi­ki ga­ra reňk­li ti­gir­ler bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Onuň öňki otur­gyç­lary 18 görnüşde saz­lan­ýar. Elekt­rik­li aw­tou­la­gyň ba­ha­sy, tak­my­nan, ABŞ-nyň 131,400 dol­laryn­dan baş­la­ýar.

Howa sorujy

Häzirki zaman aşhanalarynda howa sorujy örän wajyp tehnologiýalaryň biri bolup durýar. Ol ýanan iýmit serişdeleriniň, ýagyň ýakymsyz yslaryny aýyrýar we howany tämizleýär. Adamzat döräli bäri tämiz howa aýlanyşygyň gerekligini, adamlar oduň üstünde nahar bişirýän wagtlary düşünipdirler. Irki döwürlerde salynýan jaýdyr ak öýleriň çür depesinde kiçiräk açyklyk goýlupdyr. Şol goýulýan açyklyk arkaly adam saglygyna zeper ýetiriji gazlar, ýakymsyz yslar çykyp, öýlerde howa alyş-çalşygy bolupdyr.