Sanly dünýäniň açary

1 Dekabr 2021
1362

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Döwrebap tehnologiýalaryň we innowasion nou-haularyň ösýän wagty ykdysadyýetde sanly ulgamyň ösdürilmegi hem zerurlykdyr. Sanly ulgamyň hasabyna kämil we takyk statistik maglumatlar binýady döredildi, milli ykdysady ösüşimiziň özeninde durýan saglyk, bilim, azyk, durmuş üpjünçiligini ösdürmek, ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmek babatda möhüm wezipeler amala aşyryldy.

Hatyja ALLAKBAÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar