Kos­mos gi­ňiş­li­gi –tä­ze teh­nol­gi­ýa­la­ra ba­dal­ga

1 Dekabr 2021
1723

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyzyň ähli pudaklarynda täze-täze ösüşlere, üstünliklere eýe bolunýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda kosmas giňişligi hem-de halkara kosmos hukugy barada täze işler hem-de birnäçe taslamalar alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentliginiň döredilmegini hem-de 2015-nji ýylda kommunikasiýalary ösdürmäge ýardam edýän «Türkmen Älem 52oE» hemrasynyň Ýeriň golaýyndaky orbita çykarylmagy ýurdumyz üçin diňe tehnologik taýdan öňe gidişlik bolman, eýsem, syýasy taýdan hem möhüm waka öwrüldi. Türkmenistan beýik maksatlary we hoşniýetli hyzmatdaşlygy bilen älem giňişligine çykdy. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Biziň döwletimiz kosmos tutuş adamzat üçin parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňişligine öwrülmelidir diýen ýörelgeden ugur alýar» diýip belleýär.

«Türkmen Älem 52oE» hemrasy ýokary mümkinçilikli ýaýlymlary alyp görkezmäge ýardam berýär. Onuň agramly bölegini kommunikasiýa hyzmatlaryny hödürlemek üçin niýetlenen döwrebap enjamlar tutýar. Häzir «BSS» hemra ýaýlymy Türkmenistanyň teleradioýaýlymlaryny alyp görkezýär. Ýurdumyzyň ministrlikleri we edara-kärhanalary milli hemranyň hyzmatlaryndan üstünlikli peýdalanýarlar, şeýle-de «Türkmen hemrasy» paýdarlar jemgyýeti hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna hödürleýär.

Umyt ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar