"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

«7/24.tm», № 50 (81), 13.12.2021 Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şunda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ähli ulgamlaryň döwrebaplaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär.

Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

09.12.2021. Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

2022-nji ýylda garaşylýan tehnologiýa täzelikleri

Gün geoenženeriýasy Wulkanlaryň ýokarky atmosfera zyňýan tozany we küli sowadyjy täsire eýe. 1991-nji ýylda Filippinlerde Pinatubo wulkanynyň atylmagy ýeri birnäçe ýylyň dowamynda 0,5 °C sowatdy.

Nebitgaz senagatynyň geljegi sanly tehnologiýalara daýanýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň açylmagy diňe ýokary okuw mekdebimiziň çäginde däl, eýsem, ýurt möçberinde möhüm wakalaryň biri boldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň giň gerim almagy, ilkinji nobatda, maglumat elýeterliligini we onuň goraglylygyny öňe çykarýar. Önümçiliklere innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň güýjemegi işiň çalt depginini, ýokary öndürijiligi we hili üpjün edýär. Bu hem, hususan-da, sanly tehnologiýalara doly baglydyr. Üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdebimizde açylan bu fakultetde kiberhowpsuzlyk, informatika we maglumat tehnologiýalary, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedralary bolup, talyplara hünärleriň üçüsi: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi, programma inženerligi (bakalawr, iňlis dilinde) boýunça düýpli bilim berilýär we hünär öwredilýär. Talyplar agzalan hünärlerde awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary, maglumat gorlary we torlary ulgamynda önümçilik-tehnologik, guramaçylyk-dolandyryş ugurlarynda taslama, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylýar we ylmy işgär hökmünde programmirlemekde,

Telefonymyzyň batareýasyny nädip goramaly?

Durmuşymyzy mobil telefonsyz göz öňüne getirmek indi asla mümkin däl. Duýdansyz telefonymyzyň batareýasynyň güýjüniň azalmagy ýa-da öçüp galmagy bolsa hiç birimiziň isleýän ýagdaýymyz däl. Köp ulanyjylar telefonlarynyň batareýalarynyň uzak wagtlap güýjüni saklamaýanlygyndan ýa-da birdenkä öçüp galmagyndan nägile bolýarlar. Eýsem, munuň aňyrsynda näme bar? Nädip telefonlarymyzyň batareýalarynyň ömrüni uzaldyp bolýar? Geliň, öwreneliň! Islendik zarýad beriji enjamy ulanmak — ýalňyş

Sanly ykdysadyýetde elektron senagatyň orny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenýär. Diýarymyzda milli ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş meselelerini çözmäge üns güýçlendirilip, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de senagat ulgamyny ösdürmäge, olary diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň ykdysady taýdan öňe tarap çalt depginler bilen ilerlemegini gazanmakda, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmakda giň gerim bilen ösýän senagat ulgamy kesgitleýji orun eýeleýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini iri möçberde senagatlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça saýlap alnan ugruň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy senagat pudaklary ýokary depginli ösüşlere beslendi. Innowasiýalar eýýamynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, senagat ulgamy hem sanlylaşdyrylmak bilen, pudaga täze tehnologik enjamlar ornaşdyrylýar.

«Vale» de­mir mag­da­ny­nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar

«Vale» kom­pa­ni­ýa­sy de­mir mag­da­ny önüm­çi­li­gi­niň çak­la­ma­sy­ny 315 – 320 mil­lion ton­na ýe­tir­di. Kom­pa­ni­ýa ge­çen aý­da 315 – 335 mil­lion ton­na ara­ly­gyn­da de­mir mag­da­nynyň ön­dü­ril­jek­li­gi ba­ra­da çak­la­ma be­rip­di. 2022-nji ma­li­ýe ýy­lyn­da bol­sa, kom­pa­ni­ýa 320 – 335 mil­lion ton­na mag­dan ön­dür­mek­li­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şeý­le-de «Vale» kom­pa­ni­ýa­sy Nýu-Ýork­da ge­çi­ri­len bir­ža söw­da­la­ryn­da gel­jek — 2022-nji ýyl­da ma­ýa go­ýum çyk­da­jy­la­ry­nyň ABŞ-nyň 5,8 mil­liard dol­la­ry­na ýet­me­gi­ne ga­raş­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.

«Cana­dian So­lar»-yň tä­ze hyz­mat­daş­ly­gy

Gün ba­ta­re­ýa­la­ry­ny ön­dü­ri­ji «Cana­dian So­lar» kom­pa­ni­ýa­sy ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­ny dö­re­di­ji «Con­tem­po­ra­ry Am­pe­rex Techno­lo­gy» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Kom­pa­ni­ýa­lar Gün ener­gi­ýa­sy­ny sak­la­mak üçin li­tiý-ion ba­ta­re­ýa­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan top­lu­my hö­dür­lär. Ba­ta­re­ýa­la­ry bo­lan Gün pa­nel­le­ri ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni ep-es­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da, kä­bir jaý eýe­le­ri mer­ke­zi elekt­rik to­gy ke­si­len ýag­da­ýyn­da yşyk­lan­dy­ryş we so­wa­dy­jy üçin gys­sag­ly güýç çeş­me­si hök­mün­de Gün ba­ta­re­ýa­la­ry­na bil bag­la­ýar­lar. «Mor­dor In­tel­li­gence»-niň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, dün­ýä­niň glo­bal Gün ba­ta­re­ýa ba­za­ry öňü­miz­dä­ki bäş ýyl­da 24% öser.

On­laýn söwdalar barha ýokarlanýar

On­laýn dü­kan­la­ryň söw­da­sy şu möw­süm­de dün­ýä ýü­zün­de ös­me­gi­ni do­wam ed­ýär. «De­loit­te» ABŞ-da 2021-nji ýy­lyň do­wa­myn­da di­ňe bir dynç alyş söw­da­sy­nyň 62%-e çen­li ýo­kar­lan­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar. Ame­ri­ka­nyň iň uly bö­lek sa­tuw zyn­jy­ry «Wal­mart» kom­pa­ni­ýa­nyň in­ter­net söw­da­sy­nyň ösen seg­men­ti bo­la­ny üçin, bu ýag­daý­dan peý­da­la­nyp bi­ler. Mun­dan baş­ga-da, kom­pa­ni­ýa bäs­deş­lik ba­ha­la­ry­ny we dynç alyş möw­sü­min­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan önüm­le­riň iň giň gör­nü­şi­ni üp­jün edip bi­ler.

«So­lectrac e70N» elekt­rik trak­to­ry «Idea­no­mics»-iň ösü­şi­ne tä­sir et­di

Teh­ni­ki ma­ýa go­ýum fir­ma­sy «Idea­no­mics» şu hep­de oňyn ösüş ga­zan­dy. «Idea­no­mics»-iň ösü­şi­ne «So­lectrac»-yň Ka­li­for­ni­ýa­da ge­çi­ri­len «Wi­ne Show»-da «So­lectrac e70N» elekt­rik trak­to­ry­nyň gör­ke­zil­me­gi iter­gi ber­di. Mag­lu­mat üçin, «Idea­no­mics» ozal «So­lectrac»-yň paý­na­ma­la­ry­ny sa­tyn alyp­dy. «So­lectrac e70N» elekt­rik trak­to­ry uly önüm­çi­lik ba­za­ry­na gö­nük­di­ri­len­dir. Üzüm ön­dü­ri­ji­ler bu ma­şyn­la­ry di­ňe bir ýan­gyç tyg­şyt­la­mak üçin däl, eý­sem, daş­ky gur­şa­wy has go­w­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len hem ula­nyp bil­ýär­ler. «So­lectrac»-yň bu üs­tün­li­gi «Idea­no­mics»-iň paý­na­ma­la­ry­na oňyn tä­sir et­di. Umu­man aý­da­nyň­da, «Idea­no­mics»-iň elektrik ulag­lar ul­ga­myn­da uly ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­li­gi bar.

«Stel­lan­tis» we «Mer­ce­des-Benz» ba­ta­re­ýa ön­dü­ri­ji­si­ne ma­ýa goý­ýar

«Stel­lan­tis NV» aw­tou­lag kon­ser­ni we «Daim­ler AG»-niň eýe­çi­li­gin­dä­ki aw­tou­lag ön­dür­ýän «Mer­ce­des-Benz» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ulag­la­ry üçin ga­ty ba­ta­re­ýa­lar teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, «Facto­rial Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy­na ma­ýa goý­mak­çy bol­ýar­lar. «Stel­lan­tis» Ame­ri­ka­nyň ba­ta­re­ýa ön­dü­ri­ji­si­ne uzak­möh­let­li ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň muk­da­ry­ny mä­lim et­me­se-de, «Mer­ce­des-Benz» ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ABŞ-nyň 50 – 70 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­jak­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­ýar. Gym­mat­ba­ha­ly aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si ýö­re­ýiş he­re­ke­ti kö­peld­ýän we zar­ýad be­riş wag­ty­ny gys­gald­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny öňü­miz­dä­ki bäş ýyl­da ulan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

«Op­po Re­no6 5G» — iň go­wy ba­ta­re­ýa­ly smart­fon

Fran­si­ýa­nyň «DxO Labs» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «DxOMark» reý­tin­gi­niň tä­ze li­de­ri «Op­po Re­no6 5G» smart­fo­ny, hat­da «iP­ho­ne 13 Pro Max» ýa­ly güýç­li tä­ze smart­fon­dan hem ep-es­li öňe geç­di. Tä­ze en­jam 96 utuk top­la­dy. Öň­ki li­der «iP­ho­ne 13 Pro Max» smatr­fo­ny 89 utuk ga­zan­dy. «Op­po Re­no6 5G» smart­fo­ny­nyň «DxOMark»-yň reý­tin­gin­de ýo­ka­ry utuk ga­zan­ma­gy­nyň esa­sy sebäpleriniň bi­ri, onuň 65Wt-lyk «Su­perVOOC 2.0» çalt zar­ýad be­riş ul­ga­my­nyň bol­ma­gy­dyr. Bu ul­gam smart­fo­na ba­ry-ýo­gy 22 mi­nut­da 0-dan 80%-e, 35 mi­nut­da bol­sa 100%-e çen­li zar­ýad be­rip bil­ýär. Sy­nag wag­tyn­da «Op­po Re­no 6 5G» ýer­lik­li ulan­mak şer­tin­de 57 sa­gat iş­le­di.

Söw­da bi­ler­men­le­ri: «App­le» öň­de­li­gi eýe­lär

«App­le» smart­fon ba­za­ryn­da ikin­ji or­ny eýe­le­di, ýö­ne bu ba­zar­da öň­de­ba­ry­jy hem bo­lup bi­ler. Bu ba­ra­da «Trend­Force» sel­je­riş kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ha­sa­ba­tyn­da aý­dyl­ýar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de «Sam­sung» kom­pa­ni­ýa­sy 21,2% paý bi­len ba­za­ryň li­de­ri bol­ma­gyn­da gal­dy. Ikin­ji or­ny 15,9% pa­ýy bi­len «App­le» eýe­le­di, üçün­ji orun­da bol­sa 15,7% pa­ýy bi­len «Op­po» or­naş­dy. Dör­dün­ji we bä­şin­ji orun­la­ra de­giş­li­lik­de, 13,7% we 10,5% paý­la­ry bi­len Hy­ta­ýyň «Xiao­mi» we «Vivo» kom­pa­ni­ýa­la­ry eýe­çi­lik ed­ýär­ler. Bi­ler­men­ler tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ama­la aşy­ryl­jak söw­da­lar­da müş­de­ri­le­riň «iP­ho­ne 13»-e bo­lan is­leg­le­ri­niň art­jak­dy­gy­ny we «App­le»-iň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ba­za­ryň li­de­ri­ne öw­rül­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. 

«Goog­le» 2022-nji ýyl­da akyl­ly sa­ga­dy­ny ba­za­ra goý­ber­ýär

«In­si­der» in­ter­net ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, «Alp­ha­bet» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Goog­le» in­ter­net ul­ga­my öz bren­di­niň tä­ze önü­mi­ni ba­za­ra çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ne­şi­riň ha­ba­ry­na gö­rä, in­ter­net ul­ga­my­nyň ägir­di hä­zir­ki wagt­da «Pixel Watch» akyl­ly sa­ga­dy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. «Goog­le» kom­pa­ni­ýa­sy «Pixel Watch» akyl­ly sa­ga­dy­ny 2022-nji ýyl­da önüm­çi­li­ge goý­be­rer. Bi­ler­men­ler akyl­ly sa­ga­dyň «Goog­le»-iň iň soň­ky prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ni, ýü­rek ur­şu­nyň dat­çi­gi­ni we sag­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly beý­le­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry öz içi­ne al­jak­dy­gy ba­ra­da aýt­dy­lar. 

«Tes­la» ça­ga­lar üçin elekt­rik kwad­ro­sikl ön­dür­di

«Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy «Cyberquad» kwad­ro­sik­liň ça­ga­lar üçin gör­nü­şi­ni önüm­çi­li­ge goý­ber­di. Bu ha­bar ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­nün­de kom­pa­ni­ýa­nyň web-sa­hy­pa­syn­da peý­da bol­dy. Se­kiz we şon­dan uly ýaş­ly ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen «Cyberquad for Kids» kwad­ro­sik­li bi­te­wi po­lat ra­ma, ýum­şak otur­gyç we saz­lan­ýan yz­ky tor­moz dis­ki bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan­dyr. Do­ly elekt­rik­leş­di­ri­len kwad­ro­sikl sa­gat­da, tak­my­nan, 16 ki­lo­metr tiz­lik bi­len ýol geç­ýär. Do­ly zar­ýa­dy üçin bäş sa­ga­da çen­li wag­ty sarp ed­ýän ba­ta­re­ýa­sy onuň 24 ki­lo­met­re çen­li ýol geç­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Ça­ga­lar üçin kwad­ro­sik­liň ba­ha­sy ABŞ-nyň 1900 dol­la­ry­na deň bo­lar. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ça­ga­lar ula­gy şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ba­za­ra çy­ka­ry­lar. 

Ta­ryh­da il­kin­ji SMS ha­ba­ry

Gys­ga SMS ha­bar be­riş ul­ga­my bi­len bi­ziň hem­mä­miz ta­nyş. SMS-iň öý­jük­li ul­gam­la­ryň müş­de­ri­le­ri­niň ara­syn­da gys­ga tekst ha­bar­la­ry­nyň alyş-çal­şy­ny ama­la aşyr­mak üçin hyz­mat bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýä­ris. Ýö­ne bu ul­ga­myň ha­çan ula­ny­şa gi­ri­zi­len­di­gi­ni bil­ýä­ňiz­mi? Tä­ze ha­bar­laş­ma ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň in­že­ner­le­ri 1984-nji ýyl­da baş­la­dy­lar we in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny 1989-njy ýyl­da ta­mam­la­dy­lar. Şeý­le­lik­de, 1992-nji ýy­lyň 3-nji de­kab­ryn­da prog­ram­ma­çy Ne­il Pap­worth adam­zat ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek şah­sy komp­ýu­te­rin­den Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Voda­fo­ne» öý­jük­li ara­gat­na­şyk ope­ra­to­ry­nyň di­rek­to­ry Ri­çard Jar­wi­siň mo­bil te­le­fo­ny­na «Tä­ze ýy­lyň gut­ly bol­sun!» di­ýen il­kin­ji SMS ha­ba­ry­ny ýol­la­dy. Bi­raz soň­ra — 1993-nji ýyl­da GSM öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my ar­ka­ly Finl­ýan­di­ýa­nyň «No­kia» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň SMS ýaz­ma­gy ar­ka­ly «öw­re­di­len» mo­bil te­le­fo­nyn­dan il­kin­ji SMS ha­ba­ry ibe­ril­di.

Arkadagyň ak ýollary nurana

Täze belentlikleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda döwletleri we halklary baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamynyň «altyn halkasyny» döretmäge gönükdirilen döwrebap inženerçilik desgalary, şol sanda awtomobil we demir ýollary, köprüler, howa menzilleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasynda düzümleýin ýol-ulag desgalaryna laýyklyk güwänamalaryny bermek ulgamynda ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleri çykyş etdiler. Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy tarapyndan täze düzümleýin desga degişli güwänamalar — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, «Ýol gurluşygyny taslamak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalar berildi.

San­ly ara­gat­na­şyk­da ýe­ti­len sep­git­ler

Adamzat, dünýä halkary, şol sanda türkmen halky ähli döwürlerde özüni gurşap alan daşky dünýä akyl ýetirmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamak ýaly ýol-ýörelgelerden ugur alyp gelipdir. Ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň ösen häzirki zaman dünýäsinde bu asylly ýörelgeler wajyp ähmiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimizde, jemgyýetçilik durmuşymyzda uly üstünlikler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamlarynda täze sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygyna geçmek babatda uly öňegidişlikler gazanyldy.

2022-nji ýylda garaşylýan tehnologiýa täzelikleri

Tehnologiýanyň akymy garaşylmadyk ýagdaýda üýtgäp bilýär. Mysal üçin pandemiýanyň ýüze çykmagy uzak aralykdan işlemäge degişli tehnologiýalaryň ösmegine şert döretdi. «Forbes » neşiri 2022-nji ýylda biznes dünýäsinde tapawutlanjak tehnologiýalar barada çaklamalar taýýarlady. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, aşakdaky tehnologiýalarda has köp ösüş gazanylar. Awtomatlaşdyrmak. Bu tehnologiýa diňe önümçilikde däl, eýsem, maglumatlaryň gaýtadan işlenmeginde hem giňden peýdalanylar. Kiçi we orta ölçegdäki kärhanalar hem täze nesil «hyzmatdaş » robotlar («cobot») bilen bäsleşerler. «Cobot» adamlar «düşünişip işleşýän » has ösen robotlar hasaplanýar. Çaklama daýanýan seljeriş. Bilermenler maglumat seljerijisiniň programma üpjünçiligi pudagy üçin ähmiýetli boljakdygyny belleýärler. Çaklama esaslanýan seljerijiler kiberhowpsuzlygy dolandyrmakda ýardam eder. Programma üpjünçiliginiň hiliniň standartlary. Adamlaryň ulanýan dürli enjamlaryna ýerleşdirilen programma üpjünçiliginiň hiliniň ähmiýeti artar. Tehnologiýa dünýäsi programma üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmakda emeli aň we maşynlaryň öwrenmegi bilen bagly döwre gadam basýar. «Akylly » şäherler. Şäherlerde has gowy we durnukly ýaşaýyş üçin hyzmatlar hödürlener. Ýaşaýjylaryň we işleýän adamlaryň gündelik durmuşyny has ýeňilleşdirmek üçin maglumat we tehnologiýa ulgamlary ornaşdyrylar. Maglumatlara görä, 2050-nji ýyla çenli dünýä il