Nebitgaz senagatynyň geljegi sanly tehnologiýalara daýanýar

6 Dekabr 2021
1487

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň açylmagy diňe ýokary okuw mekdebimiziň çäginde däl, eýsem, ýurt möçberinde möhüm wakalaryň biri boldy. Häzirki döwürde Türkmenistanda sanly tehnologiýalaryň giň gerim almagy, ilkinji nobatda, maglumat elýeterliligini we onuň goraglylygyny öňe çykarýar. Önümçiliklere innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň güýjemegi işiň çalt depginini, ýokary öndürijiligi we hili üpjün edýär. Bu hem, hususan-da, sanly tehnologiýalara doly baglydyr.

Üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdebimizde açylan bu fakultetde kiberhowpsuzlyk, informatika we maglumat tehnologiýalary, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary kafedralary bolup, talyplara hünärleriň üçüsi: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi, programma inženerligi (bakalawr, iňlis dilinde) boýunça düýpli bilim berilýär we hünär öwredilýär. Talyplar agzalan hünärlerde awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlary, maglumat gorlary we torlary ulgamynda önümçilik-tehnologik, guramaçylyk-dolandyryş ugurlarynda taslama, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanylýar we ylmy işgär hökmünde programmirlemekde, maglumat ulgamlarynyň kompýuter programmalarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň bazasynda dolandyrmagyň işläp düzüjileri hem-de ulanyjylary bolup işläp bilerler. Uniwersiteti tamamlandan soň, ýokary bilimli ýaş hünärmenleriň örän köp ugurda zähmet çekmäge mümkinçiligi bardyr. Olar nebitgaz, himiýa, energetika senagatynda, awtomatlaşdyryş bölümlerinde, banklaryň maglumat bölümlerinde, korporasiýalarda, zawodlaryň konstruktorçylyk düzümlerinde, döwlet ygtyýaryndaky guramalarda, kompýuter torlarynyň we maglumat ulgamlarynyň gatnaşygyny, awtomatikanyň serişdelerini taslamak, gurnamak bilen meşgullanýan firmalarda programmirleýji inžener, kompýuteriň programma üpjünçiligi boýunça inžener hünärlerinde ýokary derejeli hünärmenler hökmünde zähmet çekmäge niýetlenilendir.

Nazarmuhammet NAZARGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar