Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

10 Dekabr 2021
1517

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.

Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.

Beýleki habarlar