"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Kökejikler Gerekli önümler:

Halkymyzyň asylly ýörelgesi

Öý-ojak, maşgala, nesil terbiýesi mukaddes hasaplanýar. Her bir halkyň Watan, il-gün, maşgala ojagy hakynda özüne mahsus däp-dessury, ýol-ýörelgesi bar. Taryha nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň Watana, öz maşgala ojagyna bolan sarpasy, söýgüsi has-da belent derejelere eýedir. Halkymyzyň taryhy döwürlerde toplan durmuş tejribesi esasynda milli terbiýeçilik ýörelgesi, medeniýeti, ruhy düşünjesi döräp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halky «Maşgalam — baş galam» diýen pähime uýup, maşgala ojagynyň binýadynyň berk, kämil derejede bolmagyna örän ünsli garaýar. Ata-babalarymyz perzendi döwletlilik hasaplapdyr.

«Ejeň saňa aýtjaklary bar» (hekaýa)

Güýz günleri ahyrlap ýördi. Meýdanlardan hasyl doly ýygnalyp gutarylypdy. Howa-da mazaly sowapdy. Gyş pasly hem indi uzakda däldi, eýýäm haçandan bäri öz hökümini ýöretmäge häzirlenýän ýaly, bosagadan jyklap durdy. Mydama nowbahar oglunyň ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan Annatäç ejäniň bu günki gün oglunyň oba mekdebinde mugallym bolup işläp ýörenine üç ýyl bolupdy. Hemme eneler ýaly, Annatäç eje-de ogluny gözli-başly etmegiň, agtyk söýmegiň aladasy bilen ýaşaýardy. Ýöne ogly Selimiň ata-enesine ýüregini açan, olaryň ýanynda öýlenmek, özbaşdak durmuş gurmak hakda dil ýaran gezegi bolmandy. Bardy-geldi bu barada gepden gep çykaýanda-da, heniz özüniň öýlenmekçi däldigini çürt-kesik aýdýardy. Bu boluş, elbetde, Annatäç ejäni otursa-tursa ynjalykdan gaçyrman durmaýardy. Onsoň uzakly gününi lapykeç halda oturyp, içini gepledip geçirýärdi. Ýaman ýeri, onuň pikirini goldap, adamsam tijeniberenokdy. Ýogsam, aýalynyň goňşynyň bala-çagalaryny dyzynda oturdyp, oýnadyp, käte-käteler aýaklarynda ýatyryp, wagtynyň köpüsini şolara gümra bolup geçirýändigini göre-göre gelýärdi. Onda-da kelam agyz gep goşanokdy.

Eneler ýylgyrsa, älem ýylgyrýar

Ene mähribanlygy diýen jümläniň aňrysynda ullakan many bar. Ene mähri ynsan göwnüni güneş ýaly ýylylygy, älem kimin giňligi bilen maýyl edýär. Ene mährinde gudrat bar, güýç bar. Mähriban eneleriň ýüreginde joş urýan şol mähir-muhabbet, olara goýulmaly hormat-sarpa hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda çuň mazmunly rowaýatdyr tymsallaryň, dürdäne jümleleriň, parasatly pähimleriň üsti bilen giňden beýan edilýär. Maşgalanyň ruhy daýanjy we mähir çeşmesi bolan eziz enelere bagyşlanan bu kitapdaky: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçin hem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr» diýen jöwher jümleleri okanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň göwün güzerinden inip, ýürek sesini duýýandygyna we ony dürdäne eserlerinde aýdyň şöhlelendirýändigine doly göz ýetirýärsiň. Mähriban eneleriň maşgala mukaddesligini goramaga gönükdirýän yhlasy, ogul-gyzlaryna berýän edep-terbiýesi her bir türkmen maşgalasynda ýakyn hossarlar bilen birlikde, il-halka, ata Watana, ene topraga goýulýan hormatyň dury çeşmesi bolup durýar. Şulary nazara alyp, biziň ählimiz geljekde hersi bir maşgala ojagynyň öý bikeleri boljak gyz perzentlerimizi milli ýol-ýörelgeleriň ugry bilen, bilim-terbiýeli, edep-ekramly, eli çe

Ýaşlary terbiýelemegiň milli ýörelgeleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim, kämil terbiýe almagy üçin eziz Diýarymyzda düýpli işler durmuşa geçirilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş neslimiziň orta mekdepleri tamamlanlarynda durmuşda ukyply, hünärlere taýýarlykly we başarnykly bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şoňa baglylykda, bu günki gün ýaşlar barada alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki ösüş-özgerişlere beslenýän ýurdumyzda kämil düşünjeli, watansöýüji, sagdyn pikirli nesli ýetişdirmek, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny sarpalamak iň esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň durmuş tejribesinden geçip, biziň günlerimize ýetip gelen terbiýeçilik mekdebi kämilligiň özenidir. Terbiýäniň kämil bolmagy barada aladalanan pähimdar pederlerimiz ýaş nesli edepli edip ýetişdirmegiň nusgalyk mekdebini ýörelge edinipdirler. Olar çagalary terbiýelemegiň ýolunyň göreldede jemlenýändigine düşünipdirler. Maşgalada ilkinji dünýä inen perzent uly söýgi, mähir bilen gurşalyp, soň ýagşy görelde bilen zähmete ugrukdyrylypdyr. Islendik ukyp-başarnyk irginsiz zähmet bilen gazanylýar. Çagalar “Bar, otur, tur, getire” ýarap başlandan olara güýçýeter ýumuşlar tabşyrylyp ugralypdyr. Netijede özbaşdak, zähmetsöýer, başarjaň, ukyply şahsyýet kemala gelipdir. Maşgalada soňra dünýä inen çagalar ilkinji perzendiň görüm-göreldesine eýeri

Bagtyýar körpeleriň diýary

Çagalary juda ezizleýän milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistany bagtly çagalygyň ýurduna öwrüp, halkymyzy bagtyýar döwre eýe etdi. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar döwlet derejesinde uly alada bilen gurşalyp alynýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Aşgabat» binalar toplumy özüniň binagärlik özboluşlylygy we ähli babatda mümkinçiliklere baýlygy bilen tapawutlanýar. Toplum açylaly bäri, sanlyja günleriň içinde ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli, şol sanda, çagalaryň şadyýan dynç alýan ýerleriniň birine öwrüldi. Toplumyň töweregindäki ajaýyp bagy-bossanlyga, suw çüwdürimlere beslenen gözel seýilgäh zolagy bu ýerde maşgala bolup gezelenç etmäge höwes döredýär.

Agzybir maşgala — jemgyýet jebisliginiň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýan hem-de jemgyýet jebisliginiň iň bir pugtalanan zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde jemgyýetdäki ösüşleriň her biri maşgala agzybirligidir nesil terbiýesi bilen aýrylmaz baglanyşyk esasynda dowam edýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň: «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen sözleri hem şaýatlyk edýär. Şundan ugur alyp, Ahal welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilelikde «Agzybir maşgala — jemgyýet jebisliginiň gözbaşy» diýen at bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Ahal welaýat kitaphanasynda guralan bu söhbetdeşlige Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Ogulşirin Muhammetgulyýewa, welaýat häkimliginiň esasy hünärmeni, Zenanlar bölüminiň başlygynyň orunbasary Aýsoltan Derýaýewa, welaýatyň Polisiýa müdirliginiň jemgyýetçilik howpsuzlygy bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikler bölümçesiniň müdiri Bilbil Modyýewa, welaýat kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Ogulsabyr Alowowa, Kaka etrap häkimliginiň Raýat ýagdaýynyň nama ýazgylary bölüminiň müdiri Mähri Amangeldiýewa, Bäherden etrabynyň Bäherden şäher geňeşliginiň hünärmeni, «Ene mähri» ordeniniň eýesi Orazbike Pirmuhammedowa we Ak bugdaý etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy, «Ene mähri» diýen hormatly

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

Ýokary hilli bilim — döredijilikli zähmet Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary, öňdengörüjilikli içeri hem daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen ruhubelent şygar astynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, durmuşyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetýär.

Maşgala — baş gala

Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Şonuň üçinem halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Ýurdumyzda her bir maşgalanyň agzybirligi, abatlygy hemişe wajyp mesele bolup durýar. Maşgala jemgyýetimiziň düzüm bölegi bolup, onuň mäkämligi tutuş jemgyýetimiziň abadançylygyny emele getirýär. Ata Watanymyzyň kämil kanunçylygy bolsa, bu meseläniň oňyn çözgüdini gazanmaga zerur şertleri döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, är-aýalyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda kadalar göz öňünde tutulandyr.

Edep-ekram - ynsan bezegi

Ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, halkara hukugynyň ynsanperwer ugry boýunça kadalary kanunçylyga ornaşdyrmak we hukuk ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Geçmişde enelerimiz gyzlaryna keşde çekmegi, haly dokamagy, dürli naharlary taýýarlamagy öwretse, atalar ogullaryna ekin ekmegi, mal-gara seretmegi, ussaçylyk işlerini, umuman, hünär öwredipdirler. Parasatly pederlerimiziň uzak ýyllaryň dowamynda döredip, syntgylap, kämilleşdirip, şu günlerimize ýetiren täsin eserleri häzirki günde-de terbiýäniň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär. Medeni mirasymyzyň ähli ugurlarynyň maksady ýetişip gelýän ýaş nesillerimize terbiýe bermek, ilhalar, hakyky halal ýoldan ýöreýän, gözellige düşünýän adamlary terbiýeläp ýetişdirmekdir.

Nesilleriň ýörelgesi

Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Eneleriň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň guramagynda bolan duşuşyga ýokary synp okuwçy gyzlar hem-de ýaş mugallymlar gatnaşdy. Ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleri, ahlak kadalaryny, urp-adatlary ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Arkadagly döwrümizde durmuşyň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler, bilim almaga, hünär öwrenmäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler, gelin-gyzlary bezeýän oňat häsiýetler, ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgeler barada aýdyp, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza goýulýan belent sarpanyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, maşgala mukaddesligi, agraslyk bilen bagly aýdylan gymmatly öwüt-ündewler duşuşyga gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Iki asyryň şaýady

Uzak ýaşly, mähir-muhabbetiň, päkligiň hem ýagşylygyň janly nusgasyny ýüzüňize sylaýyn diýseňiz, gadymy Maru-şahu jahan topragynyň gözel tebigatly Murgap derýasyny etekläp oturan Şordepe obasyna myhman bolup geliň! Elbetde, dünýäde uzak ýaşly ynsanlar ähli adamlaryň ünsüni özünde egleýär. Şeýlekin ynsan biziň obamyzda-da bar. Ol hakda hemmeleriň bilmegini isläp, gojaman saýaly belent daragta meňzäp, bagtyýar maşgalanyň buýsanjy bolup oturan Küti ene bilen didarlaşmagy, söhbetdeş bolmagy müwessa bildim. Men Küti enäniň oturýan jaýyna baryp:

Eneligiň we çagalygyň goragy

Berkarar döwletimiziň ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenmegi bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, üpjünçilik şertleri günsaýyn gowulanýar. Gahryman Arkadagymyzyň enelere goýýan sarpasynyň netijesinde ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirýän, mähremligiň, gözelligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan mährem enelerimiz, zenanlarymyz bagtyýar zamanamyzda uly hormatdan peýdalanýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alnyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi bolan bagtyýar nesillerimizi ynsanperwerlik, milletimiziň ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarlylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýeläp ýetişdirýändikleri üçin eziz enelerimize aýratyn hormat goýlup, her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we şondan köp çagany dünýä inderip, olary mynasyp terbiýelän zenanlaryň ençemesi Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden çykyşynda: «Biz maşgala gymmatlyklaryna aýratyn üns berýäris. Ýaşlarymyzyň belent ahlak sypatlary şol gymmatlyklar esasynda kemala gelýär» diýmek bilen, maşgalada çaga terbiýesine aýratyn ähmiýet bermelidigini belledi. Munuň özi, ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş zerurlyklary barada yzygiderli aladalaryň edilmegine, her bir ojakda maşgala gatnaşyk

Maşgala baş gala bolmaly bolsa...

Dana halkymyzyň “Maşgalam — baş galam” diýen parasatly pähimi bar. Hakykatdanam, hemmämiziň baş galamyz maşgalamyz. Sebäbi şatlykly günleriň begenjini, durmuşda duş gelýän agyr günleriň gaýgy-gussasyny maşgalamyz bilen deň paýlaşýarys. Aslynda, biz näme üçindir hemişe maşgalamyza howlugýarys. Sebäbi ol ýerde bize şatlygyňam, gaýgy-gamyňam deň paýlaşýan mähriban ynsanlar garaşýar. Ýöne her birimiz üçin şu ýörelge baş ýörelge bolmasa, onda maşgala özüniň baş galalyk ähmiýetini ýitirýär. Maşgalamyzyň baş gala, onda-da mizemez gala bolmalydygy parasatly atalarymyzdan, geçirimliden sabyrly mährem enelerimizden galan mirasdygyny unutmak biz üçin peslik bolar. Maşgalamyzyň baş galalygynyň mukaddesligi ýanýoldaşymyz, ogul-gelnimiz, gyzymyz ýa-da agtyklarymyz birki günlük myhmançylyga gitseler olary göresimiziň gelýänligindedir. Şu mukaddesligem sabyr-takat bilen her gün we hemişe goramalydyrys. Bu ýagdaý gaýyn bilen gelniň, gelin bilen öýde bar bolsa baldyzyň arasyndaky gatnaşykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Durmuşda maşgalada sylag-sarpaly, mähirli gatnaşyk her birimiziň eýeleýän ornumyza garamazdan, ilki bilen, düşünjeliligimize, geçirimliligimize, sabyrlylygymyza baglydyr. Mysal üçin, gelin özüniň düýnki baldyzdygyny ýadynda saklap, baldyzam ertir özüniň gelneje boljakdygyny unutmasa, maşgalanyň agzybirliginiňem, mäkämliginiňem has berkejekdigine şübhelenmese bolar. Gaýyn bilen gel

Edepli ile ýarar

Ýurdumyzda ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, akyl taýdan üşükli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Terbiýe çaga dünýä inen gününden başlanýar. Onuň geljekde nähili bolup ýetişjekdigi maşgala agzalaryna, şeýle-de gatnaşyk saklaýan jemgyýetine bagly bolup durýar. Şunda her bir ene-atanyň ilkinji aladasy çaga dogry terbiýe bermekden ybaratdyr. Çaganyň aňy çalt ýatda saklamaga we gaýtalamaga işjeň bolýar. Bu ýagdaýda maşgalada ýönekeý ýaly görünýän, emma örän üns berilmeli ýagdaýlar bolýar. Meselem, ene-atasynyň saçak başyndaky edebine görä iýip-içmegi, olaryň gürleýiş äheňine görä onuň hem şeýle äheňde gürlemegi ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar.

Kämil nesil — bagtyýar geljek

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlary boýunça bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşuldy. Nesil aladasy, onuň bilimi we terbiýesi döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Çünki ýaş nesil Watanymyzyň geljegi, daýanjy hasaplanylýar. Olaryň watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri bolsa esasy şertdir. Halkymyzda irki döwürde-de çaga terbiýesi esasy orunda durupdyr. Çaga terbiýesine ene göwresindekä başlamaly diýlen ýörelgeden ugur alnypdyr. Çaga doglandan soň, ol maşgalanyň terbiýesi, okuw ýaşyna ýetensoň, mekdebiň terbiýesi bilen gurşalýar. Netijede, ýaş ynsanyň edep-ekramly şahsyýet bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, soňra tutuş jemgyýetiň jogapkärçiligi ýüze çykýar. Çaganyň hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet derejesine ýetmegi maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetiň bilelikdäki tagallasynyň netijesine baglydyr.

Sagdyn jemgyýetiň binýady

Jemgyýetiň esasy özeni bolan maşgalanyň abatlygy, agzybirligi, bitewüligi berk döwletiň mizemez sütünidir. Maşgala özara ylalaşyk, mähir-söýgi, bir-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly möhüm gatnaşyklary goldaýan adamlaryň jeminden emele gelýän bitewülikdir. Maşgalada ene-atanyň, är-aýalyň, çaganyň, doganyň, aga-ininiň, gelniň her biriniň öz orny, derejesi bolup, olaryň arasyndaky gatnaşyklar ahlak we hukuk kadalary bilen kadalaşdyrylýar. Maşgala gatnaşyklarynda maşgalanyň her bir agzasynyň öz ornunda durup, hukuklaryny, borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetiren ýagdaýlarynda jemgyýetde kämil maşgala emele gelýär we ol jemgyýetiň beýleki agzalary tarapyndan sylag-hormata eýe bolýar. Durmuşda özüniň eýeleýän orny boýunça dürli şahsyýetleriň jemgyýetde eýeleýän derejelerine garamazdan, maşgala gatnaşyklary köpçülik tarapyndan ykrar edilen umumy ahlak we döwlet tarapyndan kabul edilen ýeke-täk hukuk kadalaryna eýerýär.

Çagalaryň saglygy - ýurduň baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda körpe nesliň saglygyny, kadaly ösüşini üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda çaganyň irki ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň goraglylygy, sagdyn ösüşi bagtyýar ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda çagalaryň beden we akyl taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen bolmagy, oňat bilim almagy üçin köpugurly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

Meşhur nygmatlar

Pişme Halkymyzyň toý-baýramlarda naz-nygmatly saçagynyň aýrylmaz bölegi onuň milli tagamy bolan pişmedir. Arassa bugdaý unundan şekerli we şekersiz görnüşde, gyýçak şekil berlip, gyzgyn ýagda bişirilýän bu tagam ýurdumyzyň demirgazyk çäklerinde «bogursak», Balkan, Ahal, Mary ýaly günorta-gündogar çäklerinde bolsa «pişme» diýlip atlandyrylýar. Özboluşly tagama eýe bolan pişmäni toýlarymyzda ýagşy niýetler bilen bişirmek halkymyzyň asylly däbine öwrülen adatdyr.

Ýaşlara zähmet terbiýesini öwretmek

Çaga terbiýesiniň, esasan, maşgalada, mekdepde, jemgyýetçilik ýerlerinde berilýändigi hemmelere mälimdir. Bularyň tagallasy birleşende, biz öz öňümizde goýan maksadymyza ýetip bileris. Bu meselede ataenäniň hem, mugallymyň hem möhüm orny bardyr. Bu ýerde her kimiň öz üstüne düşýän jogapkärçiligi, görkezmeli göreldesi bar, ýöne zähmet terbiýesinden başlap, ähli terbiýäniň düýbüniň maşgalada tutulýandygyny bellemek gerek. Çagalara aýdylýan hüwdi owazynyň mazmunynda hem edepündewiň ençeme kökeni bardyr. Ataenäniň abraýy jemgyýetde we maşgalada olaryň özlerini alyp barşy bilen kesgitlenilýär. Perzent hemişe öz ataenelerinden görelde alýar, olaryň zähmete we beýleki ugurlara garaýşyna, amal edişlerine syn edýärler. Şoňa göräde, ataeneleriň göreldesi çagalarynyň hem endiklerine, gylykhäsiýetlerine täsir edýär.