Meşhur nygmatlar

1 Noýabr 2021
1876

Pişme

Halkymyzyň toý-baýramlarda naz-nygmatly saçagynyň aýrylmaz bölegi onuň milli tagamy bolan pişmedir. Arassa bugdaý unundan şekerli we şekersiz görnüşde, gyýçak şekil berlip, gyzgyn ýagda bişirilýän bu tagam ýurdumyzyň demirgazyk çäklerinde «bogursak», Balkan, Ahal, Mary ýaly günorta-gündogar çäklerinde bolsa «pişme» diýlip atlandyrylýar. Özboluşly tagama eýe bolan pişmäni toýlarymyzda ýagşy niýetler bilen bişirmek halkymyzyň asylly däbine öwrülen adatdyr.

Beýleki habarlar