Maşgala — baş gala

12 Noýabr 2021
2446

Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Şonuň üçinem halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Ýurdumyzda her bir maşgalanyň agzybirligi, abatlygy hemişe wajyp mesele bolup durýar. Maşgala jemgyýetimiziň düzüm bölegi bolup, onuň mäkämligi tutuş jemgyýetimiziň abadançylygyny emele getirýär. Ata Watanymyzyň kämil kanunçylygy bolsa, bu meseläniň oňyn çözgüdini gazanmaga zerur şertleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, är-aýalyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda kadalar göz öňünde tutulandyr.

Aýmämmet NOBATOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar