"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Sagdynlygyň gözbaşy

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli; — Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz kadalaryny dogry berjaý etmeli;

Ja­nyň sag­ly­gy — keý­piň çag­ly­gy

«7/24 tm» № 40 (175) 02.10.2023 Ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ös­me­gi, döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, ter­bi­ýe­len­me­gi, boş wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­me­gi üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek, mil­li bi­lim ul­ga­my­ny hil taý­dan ösen döw­let­le­riň de­re­je­si­ne çy­kar­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­dir.

Ça­ga­nyň ösü­şin­de küşt oý­nu­nyň peý­da­sy

«7/24 tm» № 40 (175) 02.10.2023 Küşt mal­la­ryň hem-de küşt tag­ta­sy­nyň ak-ga­ra reňk­li öý­jük­le­ri­niň kö­me­gi bi­len beý­ni­niň stra­te­gi­ki pi­kir­len­me­si­ni we to­par­la­ýyn işi öw­red­ilýän akyl-paý­has oý­nu­dyr.

Gök otlaryň peýdasy

Ýylyň ähli paslynda bolşy ýaly, güýz günlerinde hem miwedir gök önümleri, naharyň ýany bilen gök otlary iýmek saglyga örän peýdalydyr. Gök otlar işdäňi açýar, süňňüňi gurplandyrýar. Olaryň düzüminde ynsan saglygyna zerur maddalar saklanýar. Allergik täsiriniň ýoklugy sebäpli, ter gök otlar çagalar üçin hem peýdalydyr. Olaryň bary-ýogy 3 — 5 gramy çaganyň süňňüni mikroelementleriň gündelik zerur mukdary bilen doly üpjün edip biler. Aşpezler reýhany naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly, ter gök otlaryň hatarynda goýýarlar. Onuň bejeriji we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti gadymy eýýamlardan bäri mälimdir. Reýhan B1 we B2 görnüşli ýokumlaryň, rutiniň, efir ýagynyň, saponinleriň çeşmesidir. Reýhan ganaýlanyşynyň işjeňligini gowulandyrýar. Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy dişagyryny köşeşdirýär. Reýhanyň düzüminde merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýan kamfora köpdür. A ýokumynyň deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy bellidir. Reýhanda bu ýokumyň sintezlenmegine gatnaşýan karotin bar. Reýhanyň düzümindäki efir ýagy we saponinler dem alşy gowulaşdyrýar, üsgülewügi aýyrýar. Reýhan işdäňi açýar, naharyň siňmegine ýardam edýär, immuniteti berkidýär.

Ynsan saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

Hojambaz etrap bilim bölümi bilen bilelikde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly usuly-amaly maslahatyny geçirdik. Etrabyň 10-njy çagalar bagynda geçirilen çärä çagalar baglarynyň terbiýeçileri we saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Çagalar bagynyň körpeleriniň sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen baglanyşykly üç dilde ýerine ýetiren sahnalary, aýdym-sazly çykyşlary, okan goşgulary maslahata gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Terbiýeçileriň interaktiw tagtada guran oýunlaryna çagalar işjeň gatnaşdylar. Olar ynsan saglygy, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly sowallara jogap bermekde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Körpeleriň ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby esasynda guralan oýunlarda saglygy gorap saklamak bilen baglanyşykly milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz beýan edildi.

Sagdynlyga uzaýan ýol

Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesi islendik adam üçin uly ähmiýete eýedir. Adamzadyň barha kämilleşýän zamanasynda ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn iýmitlenmegi we sporty saýlaýanlaryň sany barha artýar. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. «Sagdyn bedende sagdyn ruh» diýlişi ýaly, sporty ömürlik hemrasy edinen adamlar tutanýerli we maksada okgunly bolup, hemişe üstünlige ymtylýar. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak bedeniň ähli agzalarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Maşklary ýerine ýetirmek we dogry iýmitlenmek arkaly süňkleriň hem-de bogunlaryň berkidilmegi şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam edýär.

Ýöremek — saglyk

Gyş paslynyň öň ýanynda saglygyňy berkitmekde altyn güýzüň her bir pursaty gymmatly. Munuň üçin güýzüň döredýän şertleri-de örän göwnejaý. Güýz bize dürli iýmişler bilen birlikde işdämiziň hemişe açyk bolmagy üçin ýakymly, salkyn howasyny-da hödürleýär. Şeýlelikde, bize gowy iýmitlenip, hemişe hereketde bolmak arkaly, saglygymyzyň aladasyny edäýmek galýar. Ynsan bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýeterlik hereket wajyp bolup durýar. Şonuň üçin-de lukmanlar günüň dowamynda mümkin boldugyndan köpräk ýöremegi maslahat berýärler. Özi-de birsydyrgyn ýöremegiň peýdasynyň örän uludygyny, günüň dowamynda 5 kilometr töweregi ýöräp geçmegiň adamyň ömrüni uzaldýandygyny bu ugurdan ýörite tejribeleri geçirýän lukmanlar belleýärler. Sebäbi ýöremek bedendäki holesteriniň derejesini, gan basyşyny sazlaýar.

Saglyk — başymyzyň täji

•Pasla görä geýniň, bu babatda çagalaryňyza hem gözegçilik ediň! Aşa ýyly, galyň geýinmek sebäpli gyzmak immunitetiň peselmegine getirip biler. •Her gün ýaşaýyş jaýynyň otaglaryny ýelejiredip, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçiriň!

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy öz göz­ba­şy­ny Gahryman Arkadagymyzyň dur­mu­şa or­naş­dy­ran adyl sy­ýa­sa­tyn­dan alyp gaý­dyp, onuň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi­ni, oňa äh­lu­mu­my el­ýe­ter­li­li­gi şert­len­dir­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ömür do­wam­ly­ly­gy­ny has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

Mer­da­na türk­men hal­ky­my­zyň sag­ly­gy hem-de ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da er­ka­na ýa­şa­ma­gy bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak esa­sy öňe sü­ren sy­ýa­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz — Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň my­na­syp ta­rap­da­ry bo­lan türk­me­niň da­na akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýen pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri ýa-da:

Güýz paslynda haýsy sport görnüşleri bilen meşgullanmak bolar?

Jöwzaly tomus paslynyň yssysy sowlup, jana ýakymly arassa howasy bilen güýz pasly geldi. Sport bilen meşgullanýanlar üçin bolsa güýz paslynyň birnäçe artykmaçlyklary bar. Geliň, bu pasylda haýsy sport görnüşleri bilen meşgullanyp bolýandygyna ser salalyň. 1. Pyýada gezelenç

Ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň sag­ly­ga tä­si­ri

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Ýe­ňil at­le­ti­ka spor­tuň iň meş­hur we iň köp­ta­rap­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Şol se­bäp­li oňa «spor­tuň şa­sy» diý­lip at be­ril­me­gi esas­ly­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar.

Saglygyň gadryny bilgil

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygyň gadyryny bilgil...…

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý etmeli. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly.

Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler

Adam hakyndaky alada Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar hem-de jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Mähriban Arkadagymyzyň başlangyçlaryny netijeli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimiz okgunly öňe barýar, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly derejede üpjün etmek, saglygy goraýyş edaralary üçin ýörite bilimli, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyzda kabul edilen Milli maksatnam

Güýzde sagdyn bolalyň!

Her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we dogry geýinmeli. Güýzüň salkyn günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň şirelerini içmek, kädi, şugundyr, käşir, kelem, noýba, badat ýaly ýokumly önümleri iýmek örän peýdalydyr. Güýz paslynda möwsüme görä ýyly egin-eşikleri geýmeli. Ylaýta-da, bedeniň çyga has duýgur agzasy bolan aýaklary ýyly saklamaly. Güýz aýakgaplaryny hem dogry saýlamaly.

Peýdaly maslahatlar

1. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. 2. Witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli.

Çaganyň gözüniň görşüne üns beriň!

«Mekdep okuwçysynyň gözüniň gowy görmegi hem-de geljekde görüş bilen bagly meseleleriň ýüze çykmazlygy üçin nähili şertleri döretmeli we näme etseň gowy boljak?!». Ynha, şu meselelere degişli maslahatlary okyjylara hödürlemegi makul bildik. — Çaganyň gözüniň görşüniň peselendigini haýsy alamatlar boýunça ýüze çykaryp bolýar hem-de nämelere üns bermeli?

Tebigy dermanhana / BONAPARTYŇ ARPAGANY / Мортук Бонапарта

Häsiýeti. Çöl we dagetek derman ösümligi. Bonapartyň arpagany — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5—40 sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik topbak bolup ösýär, köki gotazjymak. Baldagy egrim-galyp duran, ýaprakly, tüýsüz, başynyň aşagy büdür-südür. Ýapraklarynyň gyny bogun aralaryndan gysga, tüýsüz ýa-da ownuk tüýlüje, çişmedik. Ýapraklary çyzykly, neşder şekilli, azda-kände ýasy, ownuk tüýlüje ýa-da tas tüýsüz. Diljagazynyň uzynlygy, takmynan, 1 mm, kütek.

Gözellik we sagdynlyk

Alma bilen banan adamlar tarapyndan iň köp ulanylýan iýmitdir. Bu miweler dürli ýokumlara baý bolansoň medisinada hem-de kosmetiki serişdelerini, esasanam, iýmitlendiriji kremleri öndürýän senagatda-da giňden ulanylýar. Taryhy maglumatlara salgylanyp, almanyň biziň eramyzdan öň hem adamlaryň iň söýgüli miwesi bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Onuň ýokumlylyk hem-de kesel bejerijilik häsiýeti hemmelere mälimdir. Ýatmazyňdan öň bir alma iýseň bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarlanýandygyny hünärmenler aýdýarlar. Alma adamyň bedeninde bolup geçýän madda çalşygyny hem kadalaşdyrýar. Iýmit siňdirişiň bozulmalarynda, iç gatamada almanyň ter ýa-da gaýnadylan görnüşi örän peýdalydyr. Onuň düzümi askorbin turşusyna, magniý duzuna hem-de pektinlere baý bolansoň gandaky holesteriniň mukdaryny azaltmaga, aterosklerozyň öňüni almaga ýardam edýär. Edil şonuň ýaly-da, banan hem örän ýokumly hem peýdaly iýmitdir. Bananyň kakadylan miwesi has-da ýokumlydyr. Mundan başga-da, bananyň düzüminde B6 witamininiň hem-de ýürek-damar ulgamy üçin wajyp bolan kaliniň köp mukdary bardyr. Eger-de siz bananyň entek doly bişmedik görnüşini ýygan bolsaňyz, gamlanmaň. Ýyglan, durup saralyp bişen banan has-da datlydyr. Ýöne bananlar aşa bişmez ýaly, olary sowadyjyda saklasaňyz, kada laýyk bolar. MAO atlandyrylýan Seýşel adasy altynsow, gyzyl hem-de gara bananyň ösýän ýeke-täk mekanydyr. Banan allergiý