UEFA Çempionlar Ligasynda 2 aýlyk arakesme tamamlanýar
Futbolyň iň eý görülýän klub ýaryşy UEFA Çempionlar Ligasynda 2 aýlyk arakesme tamamlanýar. Geljek hepdäniň sişenbe we çarşenbe günlerinde ýaryşyň 1/8 finalynyň 1-nji duşuşyklarynyň 4-si geçiriler. Galan 4 duşuşyk bolsa soňky hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri oýnalar. Duşuşyklaryň ählisi-de ýarygijeden soň Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar. 1/8 finalyň ilkinji 2 duşuşygy 13-nji fewralda, sişenbe güni geçiriler. Şol gije «Kopengagen» bilen «Mançester Siti» hem-de «Leipsig» bilen «Real Madrid» klublary duşuşarlar. «Kopengagen» bilen «Mançester Siti» toparlary 5-nji gezek özara duşuşar. Öňki 4 duşuşygyň 2-sinde «Mançester Siti» Angliýada 2-1 we 5-0 hasaplar bilen ýeňse-de, olara Daniýada ýeňiş gazanmak başartmandy (2-2, 0-0).