Italiýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi duşuşygynda – Italiýa derbisinde «Inter» öz meýdançasynda «Ýuwentus» bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda «Inter» 1–0 hasabynda ýeňiş gazandy. 17 oýundan soň utulan «Ýuwentusyň» derwezesinden ýeke-täk goly 37-nji minutda turinlileriň goragçysy Gatti ýalňyşlyk bilen geçirdi. «Milan» myhmançylykda «Frozinoneni» Žiru, Gabbia hem-de Ýowiçiň gollary bilen 3–2 hasabynda utdy. Soňky çempion «Napoli» öz meýdançasynda «Weronany» garşydaşynyň öňe saýlanandygyna garamazdan, Ngong hem-de Kwaresheliýanyň gollary esasynda ýeňmegi başardy. Mouriniony wezipesinden boşadan «Roma» täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda 3-nji duşuşygynda hem ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi. De Ketelareniň
2 gol geçiren oýnunda «Atalanta» «Lasiony» 3–1 hasabynda ýeňdi.