Pälwanlarymyzyň nobatdaky ýeňişleri

6 Fewral 2024
486

Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebinde dzýudo boýunça geçirilen welaýatyň açyk çempionaty ýaş pälwanlara güýçlerini synamaklary üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýaş derejeleriniň 3-si boýunça geçirilen tutluşyklara paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan türgenleriň 700-e golaýy gatnaşdy.

Welaýatymyzyň ýaş pälwanlary ýaryşyň ilkinji gününden öz ussatlyklaryny görkezip, ýokary netijeleri gazandylar. Ýagny, 2010 — 2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda geçirilen tutluşyklarda 16 agram derejäniň 14-sinde lebaply oglan-gyzlar birinji orny eýeläp, çempionlygyny gazandylar. Galan 2 agram derejesinde Aşgabat şäheriniň we Mary welaýatynyň türgenleri ýeňiji boldular. Türgenlerimiz bu ýokary üstünligi 2007 — 2009-njy ýyllarda doglan dzýudoçylaryň arasynda guralan ýaryşlarda hem gaýtaladylar. Ýagny, bu ýaş derejesindäki ýaryşlarda dzýudoçylarymyz 16 agram derejäniň 9-sy boýunça birinjilige mynasyp boldular. Agram derejeleriniň 6-synda bolsa paýtagtly türgenler çempion boldular.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar