Sözi güwälik, işi nusgalyk

28 Mart 2023
804

Garagum sährasy ýaly giňligi, mylaýymlygy, ýyly mähri, süýji dilliligi özünde jemlän Ogultäç enäni göreniňde, «Her ýaşyň öz gözelligi bar» diýen söz biygtyýar ýadyňa düşýär. 93 ýaşy arka atan, durmuşyň her dürli öwrümlerine döz gelip, onuň süýjüsini-ajysyny başdan geçiren bu nurana ene häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşliginiň Ataguýy obasynda — Merkezi Garagumda ýaşaýar. Agtyk-çowluklaryny daşyna üýşürip oturan, ak guş ýaly enäni göreniňde, oňa bolan hormatyň artýar.

Ogultäç Aşyrmämmedowa 1930-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Ýarajy geňeşliginde eneden dogulýar. Ýedi çagany dünýä inderip, bäş ogly, iki gyzy edepli-terbiýeli, öýli-işikli, il adamy edip durmuş ýoluna ugrukdyran ene keramatly Ak işan atanyň altynjy arkasynyň gelni bolýar eken. Çagalyk ýyllarym Ataguýy obasynda geçensoň, olaryň döwletli ojagy ata-baba gatnaşýan ýerimiz. Ýöne onuň bilen didarlaşmanyma ýigrimi bäş ýyl bolaýypdyr.

Gözel BAÝNEPESOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň hünärmeni. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar