Seýil etseň bu jahana...

25 Mart 2023
923

Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bilen birlikde, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, şeýle hem Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Belarusuň, Horwatiýanyň, Bolgariýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Halkara foruma gatnaşýan myhmanlar dost-doganlygyň mekany bolan bu bereketli toprakda türkmen myhmansöýerligi bilen, duz-çörekli garşy alyndy.

Syýahatçylyk dünýä ykdysadyýetiniň ýokary girdejili we çalt depginler bilen ösýän pudagydyr. Ol ýurduň ykdysady ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna oňyn täsir edýär. Syýahatçylyk dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, daşary ýurt maýasyny çekmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen birlikde, ýurduň ösüş-özgerişlerini, milli däp-dessurlaryny giňden ýaýmakda hem örän ähmiýetlidir.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.
Beýleki habarlar