Syýahatçylyk: ösüş ugurlary we mümkinçilikler

20 Mart 2023
898

Düýn — 20-nji martda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat işe başlady. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-nji — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen guralan halkara maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň guramasynyň, birnäçe ýurtlaryň syýahatçylyk guramalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ugurda ýöriteleşen döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň başynda hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra daşary ýurtly we ýerli hünärmenleriň çykyşlary boldy. Olarda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri barada giňişleýin beýan edildi. Şeýle hem halkara maslahata gatnaşyjylaryň tegelek stoluň başyndaky işewür duşuşyklary geçirildi.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar