Ene mähri

28 Fewral 2023
769

Ene mähri, ene söýgüsi hakynda ýazylan eserleri okanyňda, enäniň keşbini nakgaşçylyk eserlerinde göreniňde kalbyňa mydama nuranalyk çaýylýar. Çeper filmlerdäki, spektakllardaky aktrisalaryň ene keşbini janlandyrýan pursadyna tomaşa edeniňde, olaryň ýerine ýetirýän sahnasyna bütin durkuň bilen berilýärsiň. Hatda ýolda-yzda perzendi bilen gezim edýän mährem gelinleri göreniňde hem enelik mähriniň, söýginiň asuda, bagtyýar dünýäsine aralaşýarsyň. Elbetde, bu ýagdaýyň sebäbi enäniň perzendine bolan söýgüsiniň bize mydama derkarlygyndan gelip çykýan bolsa gerek.

Enäniň söýgüsi perzendiniň ömürbaky hemrasydyr, hemdemidir, ýaranydyr. Çünki käbämizi ýatlanymyzda, biziň durkumyzy şobada mähremimiziň söýgüsi gaplap alýar. Onuň mähriban keşbini göz öňüne getirýäris, mährem ellerininiň ýylysyny duýýarys, perzendini görende begenjinden gülýän gözleriniň şöhlesine çoýunýarys, mähir-aladasyny penalaýarys. Ene söýgüsini kalpdan, ýürekden hiç bir güýç daşlaşdyryp bilmeýär.

Gülşat TAGANOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar