Edebi çeşmäm — ebedi çeşmäm...

28 Fewral 2023
745

Dünýä içre mukaddeslikler hakynda söz açylsa, şolaryň biri köňül törümizde öçmejek nur saçýan mähre ýugrulan mähriban enelerdir.

Men ejemli günleriň ýatlamasyna dolan wagtym özümi diýseň bagtly duýýaryn. Ejemiň gündelik hojalykda edýän işlerini, tikin tikip, dokma dokaýşyny, çörekdir nahar bişirişini çaga bilesigelijiligi bilen synlaýanym ýaňy ýalydy. Her bir işde ejeme meňzäsim gelýänim, onuň hereketlerini höwes bilen gaýtalaýanym häzirem ýadymda. Ejemiň milli däp-dessurlarymyza, sungata, döredijilige bolan hormaty diýseň uludy. Heniz mekdep okuwçysy döwründe türkmen dessanlarynyň birnäçesini, ýazyjy-şahyrlaryň ýazan eserlerini okandygyny ejem höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol maňa-da yzygiderli okamagy ündärdi. Seredip otursam, ejem janyň aýdanlarynyň ählisi derde derman eken. Indi-indi sähel ýadawlyk bassa ýa-da namedir bir zada gamlansam, kitap okap bar ünji-aladamy zym-zyýat edýärin. Durmuş tejribesini toplan eneleriň geçen ýoly bize nusga. Ejemiň: «Göwnüňe deglen ýagdaýynda-da jogap bermegin, gyzym, göwün Käbedir!» diýen wesýetem ömrüme ýol görkeziji çelgim bolupdy. Bu gylyk-häsiýetime öwrülen endigim iň dogry ýol bolup, köp ýerde mertebämi artdyrypdy.

Aýbibi AMANKLYÇEWANYŇ çeken suratlary.
Beýleki habarlar