Enemiň ýanlygy

28 Fewral 2023
680

Gün dyzboýy dagy belentlige galyberipdi. Enem saba bilen işe giden ejemiň sygyr sagyp çüýşe gaplara guýan süýtlerini bişirip, gatyk basyrmaga hyýallandy. Menem enemiň her bir hereketini synlap, hamala durmuş sapagyndan synaga taýynlanýan ýaly, dylym-dylym edip seredip durdum. Birneme wagt geçensoň, enem basyrylan süýtleri barlaşdyrdy. Gatyga öwrülip mazaly taýynlygyny anyklansoň, gök çaýdan nepesini durlamaga oturdy. Soň welin, ýanlyga guýan gatygyny ýaýyp başlady. Onuň elleriniň çalasynlygy aýdar-diýer ýaly däldi. Işe çulum bolansoň, hele-müçük zada göwni ýetibem duranokdy. Şonda men ýanlyk hakda oýlandym. Eneme sowally nazarymy dikip: «Ene, ýanlygy nädip ýasaýarlar?» diýdim. Wagtal-wagtal çeträk çekilip, maňlaý derini sylýan enem sowalyma jogap berdi: «Geçi derisinden taýynlanýar, balam. Munda ýaýylan gatygyň tagamyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaz!» 

Hawa, el senedi bolan ýanlyklar hakykatdanam, halkymyzyň milli mirasynyň genji-hazynasy. Olarda toşap hem saklap bolýan eken. Enemden ýanlyk barada diňe käbir zatlary bilip ýetişdim. Ol kalby şahyrana aýal bolansoň, islendik el senedine dahylly aýdymdyr goşgy bentlerini köp bilerdi. Ýanlyk barada-da ol şeýle diýipdi:

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar