Nepis gülli nah ýaglyk

21 Fewral 2023
866

Durmuş gämisini kürekläp barýan ynsan ýatda galyjy ýakymly wakalaryň, pursatlaryň şaýady bolýar. Az wagtlyk dowam eden şol pursatlary ýygy-ýygydan ýatlaýar. Şol gün ejem ýanyna çagyryp: «Gyzym, ine, şu ýaglygy dükandan seniň üçin satyn aldym» diýip, gülli nah ýaglygy ýylgyryp maňa uzatdy. Şоl pursat mеni täzе ýaglyk däl-dе, ejеmiň ýylgyryşy özünе çеkdi. Ol ýylgyryş ejemi adatdakylardan has owadan, has näzik görkezýärdi. Bütin durkuny mähre ýugurýardy. Ýaglygy emaý bilen başyma daňyp: «Ýüzüňe örän oňat gelişdi, nesip etsin!» diýip, sowgadyndan göwnühoş halda, şol bir bolşuny üýtgetmän, ýene mylaýym ýylgyrdy. Ejеmiň halap alan ýaglygy maňa diýseň ýarady.

Nepis gülli nah ýaglyk, meniň üçin gymmatly sowgatdy. Ýaglygy apalap sakladym. Käte toý-tomaşa daňnyp, ýene-de ýygşyryp goýýardym. Ýaglygy arzylap saklamagym ejeme-de ýaraýardy. Gowy saklananyndan bolsa gerek, könelmeg-ä beýlede dursun, ýaglygyň asla petem gaçanokdy. Bir zady ezizläp saklasaň ýyllaryň geçýändigine garamazdan, ol şol bir durkuny mizemän saklaýar eken. Sowgat edilenine ençe ýyl geçse-de, ýaglygyň şol täzeligidi. Bu ýaglyk ejem bilen bagly kän wakalaryň ýumagyny çöşleýärdi.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar