Zenan diýmek dünýedir

17 Fewral 2023
1427

Türkmen halky maşgalany asyrlarboýy keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Halkymyzda türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanyp gelinýär. Ine, şonuň üçin hem maşgala ojak, saçak bilen deň görülýär, mukaddeslik saýylýar. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynda, ata-babalarymyzdan arkama-arka ýörelge bolup gelýän däp-dessurlarymyzyň, ynançlarymyzyň dowam etdirilmeginde türkmen zenanynyň uly orny bar. Türkmen ojagynyň agzybirligini, mukaddesligini, halallygyny saklap, gorap, dowam etdirip gelýän türkmen zenanlary häzirki döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda zähmet çekýärler. Ol zähmetiň aňyrsynda halallyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler jemlenýär. Şol häsiýetler türkmen zenanyny mukaddeslik derejesine ýetirýär. Olar, ilki bilen, zenan edebiniň amal edilmegi esasynda döreýärler. Zenan edep hazynasy bolýar. Zenana uýat-haýa, päklik, mähremlik ýaly häsiýetler has hem ýakyn.

Zenana mahsus bolan ýokardaky häsiýetleriň aýratynlyklary bilen bir hatarda, olaryň maşgala ojagyna bolan yhlasy hem ata-babalarymyzdan dowam bolup gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Men, köplenç, mährem käbämiň durmuş ýoly hakynda pikir edýärin. Käbämiň dürli döwürde düşen suratlaryny deňeşdirip görýärin. Olardaky tapawutlary ýyllar bilen däl-de, maşgala ojagyna siňdirilen yhlas bilen ölçemäge çalyşýaryn» diýip belleýär. Diýmek, zenan öz maşgalasyna yhlasyny, söýgüsini, mährini siňdirip, ojagynyň agzybirligini hem-de dowamlylygyny gazanmaga çalyşýar. Bu hem zenanyň edep-terbiýesini, öz maşgalasyna bolan yhlasyny, söýgüsini, maşgala dowamatynyň aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär.

Gurbangözel SAPAROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar