Sylag-hormat ýerinde gyzyldyr

17 Fewral 2023
1168

Adam ömrüniň manysy özüniň şahsyýet hökmünde ýaşaýandygyny we bagtyny öz adamkärçilikli sypatlary bilen gorap saklamagyndadyr. Bu, ilkinji nobatda, ynsanyň ene-ata bolan garaýşy arkaly ýüze çykýar. Ol, bir tarapdan, ata mukaddesligine goýýan belent sarpasyny äşgär etse, ikinji tarapdan, özüniň hut ata-enäniň pendi-nesihatlaryny ýörelge edinýändigini mälim edýär. Ata-ene hakynda bu buýsançly jümleler, ilki bilen, ynsanyň öz aslyna bolan buýsanjydyr we olary hormatlamagy nygtamagydyr. Aslyny sarpalamak we olaryň mertebesini goramak kämil şahsyýetiň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanyň kämilligi hakynda söz açýan «Kowusnama» kitaby muny şeýle beýan edýär: «...Sagdyn düşünjä görä, perzent öz barlygynyň sebäpkärine hormat we sarpa goýmalydyr, ol öz aslyna hem hormat, sarpa goýmalydyr, onuň asly bolsa ata we enedir».

Ata-babalarymyzyň: «Ataňy göreňde akyl sora» diýen paýhasynda durmuş hakykaty ýatyr. Şonuň üçin çaganyň kemala gelmeginde enäniň terbiýesi bilen deň hatarda, atanyň terbiýesi hem derwaýysdyr. Ir zamanda bir häkim öz çagalarynyň terbiýesini aýalyna ynanypdyr. Gyzlary edepli, ekramly bolsa-da, ol oglunyň aşa bezenmek, üstesine-de, men-menlik etmek ýaly erkek adama gelişmejek häsiýete eýe bolandygyny eşidýär. Häkim ogluny ýanyna çagyrýar:

Durzada REJEPOWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň raýat hukuk dersleri kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar