Şirin dilli mähriban ynsan (ýatlama)

17 Fewral 2023
1050

Ol meniň Mährem daýzam. Ejem janyň ýeke-täk aýal dogany. Çaga wagtymyz tomusky dynç alşyna çykdygymyz, uludan-kiçimiz daýzamlara gezelenje gitmäge şaýlanardyk. Olaryň obasy biziň ýaşaýan şäherçämizden ep-esli uzaklykda — Amyderýa golaý ýerleşýärdi. Obanyň bir tarapy gür jeňňellikdi. Onda dürli guşlar bilen birlikde, janly-jandarlar hem bardy. Şonuň üçin daýzam bizi jeňňellige goýbermezdi. Daýzamlaryň öýi obada saýlanyp durdy. Ýaz paslynda daş-töweregi miweli we saýaly baglar, dürli güller bilen gurşalan howlynyň gözelligini görmäge göz gerekdi. Öňdenem gol doly maşgalanyň bizden başga-da mähellesi ýetikdi. Çünki daýzam diýseň myhmansöýerdi, eli çeper, süýji dilli zenandy. Tebipçilikden-de habarlydy. Obada saglyk öýi bolmansoň, ýaş eneler çagalary sähel dümewlese, ilki bilen, daýzamyň ýanyna alyp gelerdiler. El işini öwrenmäge gelýän ýaş gelin-gyzlar ümä üýşen ýalydylar. Daýzam olara keşde çekmegi, gaýma gaýamagy, haly-palas dokamagy, keçe basmagy öwrederdi.

Daýzamyz biziň üçin ejemden soň mähriban ynsandy. Mährem diýseň mähremdi. Bardygymyz, ýekän-ýekän gujaklap, ogşap çykardy. Öýüň törüne geçirip, ilki çaý-çörek bererdi, saçak başynda saglyk-amanlyk soraşardy. Hatda mekdepde alýan bahalarymyz bilen-de gyzyklanardy. Tomus paslynda daýzamyň öýi hünärment mekdebi ýalydy. Üzüm dalbarynyň aşagynda goýlan ullakan agaç sekiniň bir tarapynda gelin-gyzlar keşde çekerdiler. Beýleki tarapynda keçe güllärdiler. Aşak ýanynda goýlan ýer enjamynda bolsa haly ýüwürdilendi. Onsoň olaryň arasynda aýlanýan daýzam zähmet sapagyny geçýän mugallymy ýatladýardy. Çaý-çörekden soň uýalarymy (olar dörtdüler, daýzamyň hem dört gyzy bardy) keşde çekýän gyz-gelinleriň ýanyna eltip, hersiniň eline bir bölek mata, iňňe-sapakdyr dürli reňkli ýüpekleri bererdi. Özem sekiniň bir gyrasynda oturyp, ýeňsizdir don tikerdi. Ýöne gelin-gyzlardan-da gözüni aýyrmazdy. Sähra ýaly giň daýzam olar bilen degşip-gülşerdi, ýaşlyk ýyllary barada gyzykly gürrüňleri bererdi. Onda-da gyz-gelinleriň sähel säwligini synçy nazaryndan sypdyrman, gerek ýerinde bellik edip, maslahatyny gaýgyrmazdy. Ol çeper el işleri bilen oba arasynda häzirem ýatlanylýar. Gelin-gyzlaryň egnindäki lybaslarda nepislik bilen keşdelenen nagyşlary görenler: «Mährem enäniň elinden çykan ýaly» diýip, ony häli-şindi ýatlaýarlar.

Baýrammyrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar