Muny bilmek gyzykly

17 Fewral 2023
1632

Dünýä halklarynda her ýylyň iýul aýynyň 11-ine «Şokolad güni» bellenilýär. Häzire çenli şokoladyň örän köp görnüşi döredilip, olar hili boýunça tapawutlanýarlar. Şonuň üçin alymlar her kimiň öz göwnüne ýaraýan belli bir şokoladynyň bolmagynyň şol adamyň esasy häsiýetlerini alamatlandyrýandygyny barlaglaryň netijesinde ýüze çykardylar. Geliň, olaryň käbirlerini agzap geçeliň.

Gara şokolady söýüjiler öz gadyr-gymmatyny bilýän, liderlik ukyby bolan, ähli zady gözastynda saklamagy başarýan adamlar hasaplanýar. Olar kynçylykdan çekinmän, çalt ýeňip geçmegi başarýarlar. Adatça, durmuşda özlerini erkin, rahat alyp barýarlar. Olar üçin esasy zat, zähmet we onuň netijesi.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar