Ömürleriň öçmez çyragy, ene!

17 Fewral 2023
1165

Işjeň oba habarçymyz, Kerki etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ödegeldi Kulyýew bilen telefon arkaly gürrüňdeşligimizde uzak ýaşly eneleriň ykbaly, durmuşy we ömür ýoly bilen gyzyklanýandygymy aýdanymda, Ödegeldi pikirlenmezden: «Astanababada bir asyra golaý ýaşan Ogulmeýrem ene bar ahbetin! Özem, tüweleme, sagdyn, agtyk-çowluklaryna öwüt-nesihat berip otyr. Gelseňiz, öýlerine alyp baraýyn» diýdi. Ara salym salman, dessine ýol şaýymy tutmak bilen boldum. Kerki şäherine baranymda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy Arzuw Rahmanowa ýolbelet boldy. Ödegeldem suratçymyz. Garaz, üç bolup Astanababa obasyna tarap ýola düşdük. Amyderýany ýakalap oturan gadymy şäherden çykyp, Kerki — Türkmenabat awtomobil ýolundan barýan ulagymyz oba ilatynyň arasynda «Ýeke gümmez» diýlip atlandyrylan Abu-Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriň aramgähiniň deňinden saga öwrüldi. Uzyn köçäniň ikiýan tarapyndan hatar bolup uzap gidýän ýaşaýyş jaýlarynyň birinjisinde «Ýaz Tylla köçesi» diýen ýazgyny okap, Arzuwyň ýüzüne soragly bakdym. Ol ýylgyrdy-da:

— Ogulmeýrem enemiziň gaýynatasynyň adyny göterýän köçe-dä şu. Ýaz Tylla geçen asyryň 30-njy ýyllarynda bu ýerde oba sowetiň başlygy bolup işlän adam. Soňra ol 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gidip, gahrymanlarça wepat bolýar. Oba adamlarynyň milli gahrymany hatyralap, ýaşan köçesine adyny dakmak baradaky teklibi bilen bu köçe Ýaz aganyň adyny göterýär — diýdi.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar