Gözelligiň syry

17 Fewral 2023
1499

Çyn-Maçynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda hytaý zenanlary ýüzlerine ideg etmek üçin tebigy ýapgylary ulanyp gelýärler. Şonuň üçin hem olar biologiki ýaşyna garamazdan, juda owadan görünýärler. Olaryň ýapgylary taýýarlaýşynyň özboluşly aýratynlygy bar. Şeýle usulda taýýarlanan ýapgylar eýýäm ilkinji gezekde öz täsirini bildirip, derini arassalaýar, durlaýar we gurplandyrýar. Geliň, olaryň birnäçesi bilen tanyş bolalyň. Şeýle-de ýapgylaryň käbiriniň öý şertlerinde taýýarlanylyşyna ünsi çekeliň.

Ýaşyl noýba. Noýbaly ýapgylary yzygiderli ulanmak ýüzüň ýygyrt atmagyna garşy göreşýär. Guradylan noýbadan taýýarlanylýan tozga ýüzüň öýjüklerini daraldyp, derini arassalaýar, ýumşadýar we iýmitlendirýär. Bu ýapgylar ýüzi çekdirip saklamaga ýardam edýär. Ýüzi nurlandyryp, sagdyn görkezýär.

Terjime eden Maýsa Çaryýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar